23.01.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek we hasaba almak, şeýle hem ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň täsirini peseltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

Resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine, Ylymlar akademiýasyna, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, nebitgaz pudagynyň edaralarynyň daşary ykdysady şertnamalary boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmennebit döwlet konserniniň nebitgaz ýataklarynda gazuw we abatlaýyş işlerinde zerur bolan dürli görnüşli buraw turbalarynyň 2 müň 424 tonnasyny satyn almak barada Italiýa Respublikasynyň ProBusiness S.r.I.

kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasynyň bahasynyň tölege degişli galan bölegini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy Hajyýew Döwletdurdy Täçdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýoga hiç zat ýok. Uly bolmadyk türkmen bergisi we berk nebit ruhy hakyndaky pýesa
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
12.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
07.09.2018 | Resmi habarlar