
Hindistanda mundan 22 ýyl öň dereksiz ýiten adam öýüne gaýdyp geldi diýip, The Indian Express gazetine salgylanýan Gazeta.ru habar berýär.
Ýerli habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, ol 11 ýaşyndaka, 2002-nji ýylda ejesine üstüne gygyranda, öýkeläp öýden gidipdir. 2024-nji ýyla çenli onuň ykbaly nämälim galypdyr, ol ahyry öýlerine dolanypdyr. Görlüp oturylsa, ol şunça wagtlap ruhany bolup, ybadathanada ýaşapdyr.