22-nji sentýabr pilleri goramagyň bütindünýä güni

Pilleri goramagyň Bütindünýä güni ekologik baýramçylyklaryň biri bolup, köp ýurtda bellenilip geçilýär.Bu baýram pilleriň sanynyň azalmagy bilen gyzyklanýan daşky gurşaw guramalaryň, daşky gurşawy goraýjylaryň başlangyjy bilen döredilendir.

Piller ýer ýüzündäki iň uly süýdemdirijilerdir.Häzirki wagtda tebigatda piller Günorta-Gündogar Aziýanyň we Afrikanyň tokaýlarynda ýaşaýar.Dünýä halklarynyň köpüsi gadymy döwürlerden bäri pillere aýratyn hormat goýýarlar.

Bu jandar dürli halklaryň medeniýetinde güýjüň, beýikliginiň, paýhaslylygyň we rahatlygyň nyşany hasaplanýar.Häzirki wagtda bolsa, syýahatçylyk maksatlary üçin eldekileşdirilen piller idedilýär.Irki döwürlerde bolsa, piller ýük daşamak üçin iş maly hökmünde ulanylypdyr.

Dürli ýyllaryň dowamynda tokaýlaryň meýdanynyň azalmagy pilleriň hem sanynyň azalmagyna getiripdir.Häzirki wagtda Afrika we Aziýa pilleriniň sanyny goramak we köpeltmek üçin dürli işler amala aşyrylýar.

Piller gününiň entek resmi statusynyň ýokdugyna garamazdan, daşky gurşaw we tebigaty goraýyş guramalarynyň köpüsi bu senä bagyşlanan çäreleri guramaga gatnaşýar.

Gülnur Otyzowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Dürli halklardaky yrym-ynançlar
Jana şypaly miwe
Kim, haçan oýlap tapdy?
Gazagystanda Möhletinden Irki Prezident Saýlawlary Geçirilýär
Sanly bilim ulgamy ösdürilýär
Ysraýylda Irki Saýlaw Geçirilýär
Täze Toyota Corolla 2023 tanyşdyryldy