22-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

22-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň ilçisi Moskwadaky Otraženýe sergisine baryp gördi, Aşgabatda Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça wekili bilen duşuşyk geçirildi, Daragt türkmen filmi Ýewraziýa kinofestiwalynyň bäsleşik maksatnamasyna girizildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezinde geçirilýän Otraženýe atly çeperçilik we kitap sergisine baryp gördi. Sergi beýik akyldar we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Bäsleşige ussat hem-de höwesjeň suratkeşler gatnaşdylar.

2. Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen HHR-niň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistanda geçiriljek Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň 5-nji duşuşygyna taýýarlygyň barşy barada pikir alyşdylar.

3. Türkmenabat şäherinde II Türkmen-özbek sebitara forumy ýokary derejede geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, iki ýurduň we halkyň arasyndaky mizemez dostlugyň güwäsi bolup durýar.

4. Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň Daragt atly çeper filmi Almaty şäherinde geçiriljek XVII Ýewraziýa halkara kinofestiwalynyň bäsleşik maksatnamasyna girizildi. Şeýle-de forumda Aşgabatda geçirilen Gorkut ata IV halkara film festiwalynda Iň gowy çeper film diýlip ykrar edilen Magtymguly Pyragy atly türkmen-özbek filmi görkeziler.

5.Russiýanyň Türkmenstandaky ilçisi Iwan Wolynkin Ýagşylyk missiýasy (Миссия Добро) Halkara maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabada gelen RŽD-Medisina klinikalar ulgamynyň lukmanlarynyň wekiliýeti bilen duşuşdy.Bu maksatnama dünýäniň ähli künjegindäki adamlara we guramalara Russiýadan hünärmenleriň meýletinçi missiýalary arkaly kömek etmäge we ýardam bermäge gönükdirilendir.

Aşgabada saparynyň çäklerinde rus lukmanlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginde duşuşyk geçirdiler, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar we öz ýöriteleşen ugurlary boýunça çykyş etdirler.

6. Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow we Pakistanyň federal nebit ministri Musadik Malik sebitiň energetika zerurlyklaryny kanagtlandyrmaga gönükdirilen Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy Pakistanyň nebit ministrini energetika hyzmatdaşlygynyň meselelerini mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Dünýäde

7. Hytaýyň merkezindäki Hunan welaýatynyň Geologiýa gullugy umumy bahasy 82,8 milliard dollardan gowrak bolan iri altyn ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Gözleg işleriniň dowamynda hünärmenler iki kilometrden gowrak çuňlukda ýerleşýän 40-dan gowrak altyn göteriji damarlaryň giň ulgamyny tapdylar. Deslapky çaklamalara görä, üç kilometre çenli çuňlukda gymmat bahaly metal ýataklarynyň umumy mukdary müň tonnadan geçýär.

8. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň täze gözlegleri güýçli sesiň uzak wagtlap täsiri bilen çynlakaý saglyk meselesiniň arasyndaky biynjalyk ediji baglanyşygy ýüze çykardy. Bilermenleriň gelen netijelerine görä, 85 desibelden ýokary fon sesiniň sekiz sagatlap täsir etmegi birnäçe howply patologiýalary döredip biler. Ses hapalanmasy indi howanyň hapalanmagy bilen deň derejede daşky gurşaw üçin howp hasaplanýar.

Sport täzelikleri

9.Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Ahal futbol klubynyň hüjümçisi Elman Tagaýewi 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň jemleri boýunça Ýokary liganyň iň gowy oýunçysy diýip yglan etdi.Geçen aýda hüjümçi çempionatyň üç oýnunda dört gol geçirdi.

Tagaýew Altyn Asyr bilen bolan oýunda iki gol geçirdi, şeýle hem Aşgabat we Köpetdag klublarynyň derwezesine bir gol geçirmegi başardy. 26 ýaşly hüjümçiniň netijeli oýny Ahal klubyna ýaryşyň sanawynda eýeleýän ikinji ornuny berkitmäge kömek etdi.

10. Türkmen tennisçileri Hytaýyň Makaosyndan we Mongoliýanyň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, Bahreýnde geçirilýän Dewisiň Kubogynyň zolaklaýyn ýaryşyna üstünlikli başladylar. Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy ilkinji iki oýunda 3:0 hasabynda Mongoliýanyň we Hytaý Makaosynyň ýygyndylaryny ýeňen Filippinleriň topary bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-niň çempiony bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar