22.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň şu güni dürli möhüm wakalara baý boldy.Milli Liderimiziň Günüň dogýan ýurduna şu gezekki sapary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny görkezýän taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň we strategik häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň üstünlikleri köp babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň köpüsiniň, şol sanda Ýaponiýanyň milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanmasynyň barha artmagyna ýardam edýär.

Tokio we Aşgabat ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has amatly ugruny işläp taýýarladylar.Munuň özi ýurtlaryň her biriniň milli bähbitlerini we saýlap alan ýolunyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, olaryň öňünde durýan wezipeleriň meňzeşligini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki döwre çenli iki döwletiň arasynda özara gatnaşyklaryň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy.Ol özüne ýurtlaryň Liderleriniň duşuşyklaryny we gepleşiklerini, şeýle hem türkmen-ýapon işewür toparlarynyň gatnaşyklaryny birleşdirýär. ...Şu gün irden Chinzanso Tokyo myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasy boldy.

Ballroom zalynda milli Liderimizi Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysy Kei Sato mähirli garşylaýar.Döwlet Baştutanymyz we ýokary okuw mekdebiniň rektory dabaralar zalyna barýarlar, bu ýere şu uniwersitetiň we Ýaponiýanyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, Ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.

Hemmeler ör turup, Türkmenistanyň Prezidentini — TYA-nyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, hormatly professor hem-de daşary ýurtlaryň ençeme ylym-bilim merkezleriniň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. 1949-njy ýylda esaslandyrylan Hirosaki uniwersiteti dünýäde abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanylýar.

Bu ýerde 7 müňden gowrak talyp bilim alýar.Mugallymlar düzümi 2 müňden gowrak hünärmenden ybaratdyr.Uniwersitetiň esasy wezipesi geljekki nesliň isleglerini kanagatlandyrmak üçin çeýe bilim we ylmy-barlag işini alyp barmakdan, talyplara özleriniň şahsy ukyplaryny ösdürmäge hem-de hünär bilimini almaga mümkinçilik berýän gurşawy döretmekden ybaratdyr. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde ynsanperwer we durmuş ylymlary, bilim, ylym we tehnologiýalar, oba hojalygy we tebigy ylymlar fakultetleri, lukmançylyk mekdebi hem-de saglyk baradaky ylym mekdebi bar.

Uniwersitetde ylmy we tehnologiýalary ösdürmek ulgamynda Ýaponiýanyň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygy üçin has geljegi uly ylmy-barlaglary maliýeleşdirmek maksatnamasynyň hereket edýändigini, şeýle hem bazarda önümleri ilerletmäge goldaw berilýändigini bellemek gerek.

Jenap Kei Sato dabarany açyp, ýygnananlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekledi we şu duşuşygyň ynsanperwer ulgamda, ilkinji nobatda bolsa, ylym ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyry alamatlandyrýandygyny nygtady.

Hirosaki uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar hem muňa ýardam etmelidir. Ýokary okuw mekdebiniň rektory ýygnananlary milli Liderimiziň giň möçberli ylmy işi bilen hem tanyşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda türkmen ylmyny täze sepgitlere çykarmaga hem-de bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.Gadymy milli däplere uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy we edebi işleri, dünýäniň köp sanly dillerine terjime edilmegi netijesinde, daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe boldy hem-de dürli ýurtlarda alymlar we hünärmenler tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, uniwersitetiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, ýokary okuw mekdebiň kitaphanasynyň gaznasynda türkmen Lideriniň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli eseri bar, ol talyplar we ylmy işgärler üçin gollanma bolup hyzmat edýär.

Soňra ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşiniň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy hem-de ylmy we bilimi ösdürmek üçin alyp barýan işi üçin Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory adyny dakmak hakyndaky çözgüdi yglan edilýär.

Uniwersitetiň ýolbaşçysy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize degişli diplomy gowşurýar.Milli Liderimize söz berilýär.Döwlet Baştutanymyz uniwersitetiň ýolbaşçylaryny we professor-mugallymlar düzümini, talyplary, duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekläp, Ýaponiýanyň esasy ylym-bilim merkeziniň işgärlerine Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen ýokary adyň dakylmagy mynasybetli tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Men muny Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasy, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň halklarynyň dostlugynyň hem-de barha berkeýän gatnaşyklarynyň alamaty hökmünde kabul edýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň, Ýaponiýanyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we professor-mugallymlar düzümi bilen duşuşmak, geljekki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak, ikitaraplaýyn bilim gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça geljek üçin meýilnamalary kesgitlemek babatda döredilen mümkinçilige şatdygyny nygtady.

Jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşinde bilimiň we ylmyň orny hemişe uly ähmiýete eýe bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.Haýsydyr bir ýurt häzirki zaman ösüşiniň öňdäki hatarlaryna çykanda, munuň özi onuň ylym-bilim ulgamynda ýokary derejä çykandygyny aňladýar.

Alynýan bilimleriň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet bermek, adamlary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary häzirki zaman dünýä ylmynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna çekmäge ýardam etmek, giň medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirmek bilen, döwlet geljegi uly ugurlara — adama, onuň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga maýa goýumlaryny amala aşyrýar.

Munuň özi ýurduň geljegine goýulýan maýadyr diýip, milli Liderimiz nygtady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň taryhyna ýüzlenip, ýurduň XIX asyryň ahyrynda Meýdziniň özgertmeleri netijesinde hil taýdan uly ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Bilim ulgamyndaky oňyn özgerişlikler şolaryň möhüm bölegi bolupdy.Döwlet Baştutanymyz ylmy we bilimi ösdürmek maksadynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri hem-de toplumlaýyn çäreleri häsiýetlendirdi.Häzirki döwürde munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Onuň many-mazmuny okatmagyň ýokary ülňülerini ornaşdyrmakdan, düýpli hem amaly ylmy barlaglary goldamakdan we höweslendirmekden, ähli ýerlerde okuw işine maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan, halkara ylym we bilim alyşmalaryny giňeltmekden, daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň mugallymlary, alymlary we ylmy barlaglary geçirýän adamlary dünýäniň dürli ýurtlaryndan kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýarlar.Bilim ulgamyndaky döwletara we pudagara ylalaşyklaryň esasynda her ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň müňlerçesi daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyzyň köp sanly bilim edaralary daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň onlarçasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdular. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri mynasyp we möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň Ýaponiýanyň Sukuba we Tokai uniwersitetleri, Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen göni gatnaşyklaryny şeýle hyzmatdaşlygyň oňat mysaly hökmünde görkezmek bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda gol çekilen Ylalaşygyň esasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Hirosaki uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki derejesi dünýä ölçeglerine laýyklykda ýokary hilli bilim bermegiň hasabyna ýurdumyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny we durmuş ulgamyny ýokary hünärli işgärler bilen doly üpjün etmäge ýardam berýär.

Munuň üçin soňky ýyllarda taýýarlygyň ähli derejesinde bilim maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy diýip, milli Liderimiz nygtady.Ylym we bilim ulgamlaryny döwlet tarapyndan goldamak işi ýylsaýyn giňeldilýär, geljegi uly ylmy barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek gowulandyrylýar.

Biz ylmy işi ösdürmek, ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek hem-de şolaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertleri döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we alymlarydyr mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikleriň giňelendigini belledi.

Türkmenistanda halkara maslahatlar, simpoziumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylym we bilim işgärleri bilen duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şolara dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly myhmanlar işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän Açyk gapylar syýasaty daşary ýurtly talyplar we mugallymlar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.

Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň mugallymlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplary okatmak üçin çagyrylýar. Öz nobatynda, biz ýurdumyzyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlaryň hem-de okuwçylaryň iri halkara maslahatlara, bäsleşiklere we olimpiadalara gatnaşmagyny işjeň höweslendirýäris.

Türkmen mekdep okuwçylary ençeme gezek dürli ylmy dersler boýunça abraýly halkara aň-paýhas bäsleşikleriniň ýeňijileri we baýrakly orunlaryň eýeleri boldular diýip, milli Liderimiz belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň halkara ylym we bilim hyzmatdaşlygy babatda Ýaponiýa möhüm orun berilýändigini nygtap, Türkmenistan Ýaponiýa ylym-tehnologik ulgamda möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, innowasion serişdeleri döretmekde, nou-haulary ulanmakda, dürli ulgamlarda döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda ýapon tejribesini almaga çalşylýandygy tassyklanyldy. Şu maksatlar bilen, 2016-njy ýylda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti döredildi.

Onda ýaponiýaly mugallymlar hem zähmet çekýärler. 2016-njy ýyldan başlap, ýapon dili ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-sinde hem-de ýokary okuw mekdepleriniň 5-sinde okadylýar.Milli Liderimiz iki döwletiň esasy okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygynyň döwrebap bilimleri alyşmakda möhüm orun eýelemäge ukyplydygyna ynam bildirip, munuň düýpli we eksperimental ylmy işjeňleşdirmek, täze ylmy-barlag ugurlaryny ösdürmek babatda örän wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ylymlary ulgamynda, hususan-da, Gündogary öwreniş, taryh we arheologiýa, dili we medeniýeti öwreniş boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi barada durlup geçildi.

Häzirki döwürde munuň üçin ähli mümkinçilikler bar.Mundan başga-da, türkmen we ýapon ýaşlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak aýratyn orna hem-de ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesliň wekillerine ýüzlenmek bilen, biziň ýurtlarymyzy dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygyny nygtady. Şol asylly tejribäni biz täze nesillere geçirmek bilen, däpleriň dowamatlylygyny üpjün edýäris. Şeýlelikde, uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berk esasy goýulýar, özara gatnaşyklary hem-de ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk we sazlaşykly ugurlary kemala gelýär. Şolar geljekde türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň umumy many-mazmunyny kesgitlär.

Meniň pikirimçe, gatnaşyklaryň şeýle görnüşi häzirki zaman ýörelgelerine laýyk gelýär. Şunda ýaşlar jemgyýetçilik we syýasy durmuşa has işjeň gatnaşýarlar, birek-birek bilen has ýakyndan tanyşmaga, özleriniň ýaşytdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz bu tejribäni goldaýarys, giň gatnaşyklar, dürli ugurlarda — ykdysadyýetde, ylym-bilim ulgamynda, medeniýetde we sportda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak hem-de ösdürmek arkaly, biziň ýurtlarymyzyň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin şertleri dörederis.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Günüň dogýan ýurdunda türkmenistanly talyplaryň ýigrimiden gowragynyň okaýandygyny belläp, geljekde bu sanyň artdyrylmagyna umyt bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen talyplarynyň Ýaponiýanyň bilim merkezlerinde okamagynyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýet we durmuş ulgamyndaky isleglerini nazara almak bilen, biziň talyplarymyzy Ýaponiýa yzygiderli ibermäge mümkinçilik berer. Öz nobatymyzda, biz ýapon talyplaryny özümizde kabul etmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan açyk ýurtdur, ösüş we öňe tarap ilerlemek bilen bagly ähli täze, oňyn zatlary kabul etmäge ukyplydyr.Biziň häzirki zaman dünýäsiniň esasy proseslerine doly goşulyşmaga, beýleki ýurtlarda üstünlikli ulanylan bilimi we tejribäni almaga çalyşmagymyz şunuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda ýapon hyzmatdaşlaryň garaýşyna hem-de innowasion ösüş babatda Türkmenistana ýardam bermek boýunça taýýarlygyna ýokary baha berip, uniwersitetiň ýolbaşçysyna duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de professor-mugallymlar düzümine, şeýle-de talyplara berk jan saglygyny, uly ylmy we döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarjak oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy — Türkmenistanyň Prezidentini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Milli Liderimiz duşuşyga gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşmak mümkinçiligine şatdygyny aýtdy.Mälim bolşy ýaly, ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr.

Eger biz ösen döwletleriň tejribesine seredip görsek, onda, ilki bilen, bu ösüşleriň esasynda bilim berýän ulgamyň ýokary derejesiniň bardygyna göz ýetireris diýip, milli Liderimiz belledi.Biz bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we hiliniň gowulandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris.

Türkmenistanda bilim babatda döwlet syýasatynda täze strategik maksatnamalary durmuşa geçirýäris.Arassa ahlakly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek bolsa, biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň esasy maksady bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek üçin yzygiderli alada edýäris. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, biz ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösmegi, döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.

Türkmenistanda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr dynç alyş-sagaldyş merkezleri giň gerim bilen gurulýar.Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşi çaltlandyrylýar.

Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimini giňeldýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilim babatda halkara hyzmatdaşlygynda köp işleri durmuşa geçirýär. Ýaş türkmen intelligensiýasy, mugallymlar we alymlar öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri daşary ýurtlaryň köp sanly bilim edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ýapon uniwersitetleri olaryň arasynda aýratyn orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz talyplara ýüzlenip, olara Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyň miýesser edendigini belledi, çünki Türkmenistan bu ýurt bilen halkara ylym-bilim hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredilen amatly şertlerden peýdalanyp, siz okamak, öwrenmek we kämilleşmek arkaly, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz diýip belledi.

Hususan-da, nanotehnologiýalar we tehnologiýalar, innowasiýalar, nou-haular hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda, döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda Ýaponiýanyň baý tejribesini öwrenmek möhümdir.Biz öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edip, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak syýasatyny ýöredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz olaryň gatnaşmagynda Mary welaýatynda — Maryda ammiak we karbamid öndürýän, Balkan welaýatynda — Garabogazdaky karbamid dökünlerini öndürýän, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän zawodlaryň, Ahal welaýatynda bolsa, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlandygyny belledi.

Bilşiňiz ýaly, ýurdumyzyň senagat pudagynda taslamalar taýýarlanylanda we amala aşyrylanda hünärmenler daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşyk ulgamynda, nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda, elektroenergetikada, oba hojalygynda çelgi bolup çykyş edýär hem-de umuman alnanda, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Sanly ykdysadyýete geçilende öňümizde durýan wezipeleri çözmek üçin programma düzüjiler, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenleriň zerurlygy göz öňünde tutuldy diýip, milli Liderimiz diňe bilimlere we innowasiýalara eýe bolmak bilen, bäsdeşlige ukyplylygy hem-de ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanyp boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz dünýä ýüzünde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagyny alamatlandyrýan dördünji senagat rewolýusiýasynyň eýýäm syýasy, ykdysady hem-de durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlandygyny bellemek bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň ileri tutulýan wezipe bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurdaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň, geljekde ulanmak maksady bilen halkara tejribäni öwrenmegiň möhümdigine talyplaryň ünsüni çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ertir işewürler bilen duşuşygyň meýilleşdirilendigini aýdyp, şonda hyzmatdaşlygyň, şol sanda ulaglar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi.Bilşiňiz ýaly, biz BMG-ä ulag başlangyçlaryny hödürledik, şolar boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda Kararnamalaryň ikisi kabul edildi.

Biziň ýurdumyzyň çäginden ulag geçelgeleri Ýuwaş ummandan Ýewropa, Russiýanyň demirgazyk sebitlerinden Pars aýlagyna çenli uzalyp gidýär.Biz Owganystan bilen gatnaşyklara aýratyn üns berýäris, şunda Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň çäginiň üsti bilen ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgama çykyp bilmegi aýratyn möhüm ýagdaýlaryň biridir, bu bolsa, doganlyk halka ykdysadyýetini durnuklaşdyrmaga ýardam edýär.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi arkaly owgan harytlaryny Ýewropa ibermegi muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.Milli Liderimiz sözüni dowam edip, özara bähbitli halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň, harytlary önüm öndürijilerden sarp edijilere ýetirmegiň amatly ýollaryny üpjün etmegiň aýrylmaz şerti hökmünde döwrebap ulag-üstaşyr düzümini kemala getirmegiň möhümdigini belledi.

Mysal üçin, biziň ýurdumyzda daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän dürli önümler, şol sanda pagta öndürilýär. Şu ýyl bu gymmatly tehniki ekiniň bereketli hasyly ýetişdirildi.Siziň her biriňiz daşary ýurtda ata Watanymyz Türkmenistana wekilçilik edýärsiňiz. Şoňa görä-de, siz watansöýüjilik, giň düşünjelilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, belent ahlak we ukyp-başarnyk bilen tapawutlanmalysyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bilim alýan döwrüňizde Ýaponiýanyň gadymy taryhy, özboluşly medeniýeti we özüne çekiji däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyş bolmalysyňyz diýip, milli Liderimiz talyp ýaşlara baý türkmen medeniýeti bilen ýaponiýaly dostlarymyzy tanyşdyrmagy, şunuň bilen baglylykda, siz iki ýurduň halklarynyň arasynda birleşdiriji köpri hökmünde çykyş etmelisiňiz diýip, maslahat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çaý içmek däbiniň ýapon halkynda gadymy dessurlaryň biridigini belläp, biziň halkymyzyň hem çaý demlemeginiň öz aýratynlyklarynyň bardygyny nygtady.

Türkmenler öňden gelýän milli däplerine eýerip, öz myhmanyna hemişe çaý hödürleýär.Bu dünýä ýüzünde giňden ýaýran içgi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, köp halklar, şol sanda türkmen halky üçin gadymy içgileriň biridir, onuň içilmegi bolsa, milli medeniýet, hojalyk, myhmansöýerligiň däpleri bilen üznüksiz baglydyr.

Dag çeşmesiniň suwundan demlenen, açyk meýdanda ýakylan otda tüňçede gaýnadylan çaýdan tagamly içginiň ýokdugy her bir türkmene mälim bolan hakykatdyr. Çaýyň taýýarlanylmagy tutuş bir sungat bolup, ol bu içginiň asylly taraplaryny ýüze çykarmaga ukyply ussadyň başarnygyna baglydyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çaý demlemegiň dürli usullary bar, şolaryň ýurdumyzyň dürli sebitlerinde öz aýratynlyklary bar. Çaýy saglyk üçin içmek maslahat berilýär. Çaýy taýýarlamagyň kadasy halk pähimlerinde öz beýanyny tapdy. Çaýy gaýnatmagyň däbi barada aýdylanda, demlenen çaý käsä guýmak arkaly gaýtarylýar.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden melhem içgileriň taýýarlanylyşy barada gürrüň berdi.Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly düýpli işi fitoterapiýanyň köp syrlary barada gürrüň berýär.

Bu bolsa köp tomluk ensiklopediýany dünýäniň lukmançylyk ylmynyň, şeýle hem okyjylaryň giň toparynyň baýlygyna öwürdi.Biz Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri taýýarlamak boýunça işleri durmuşa geçirmegi dowam ederis.

Döretmek we gurmak adamzadyň durmuşyny gözelleşdirýär. Şoňa görä-de, okamak we öwrenmek, zähmet çekmek bilen has-da kämilleşmek siziň baş maksadyňyz bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda, ýygnananlara berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, şeýle hem okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýaş türkmenistanlylaryň kalbynda uly seslenme döretdi, olar milli Liderimiziň sözlerini bilimleri düýpli özleşdirip, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täzeçilleriň ilkinji hatarynda bolmak baradaky wesýet hökmünde kabul etdiler. Ýaşlar bu gün türkmen topragynda bolup geçýän hem-de dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýän uly özgertmeleri buýsanç duýgusy bilen beýan etdiler. Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar milli Liderimizi Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimize berýän ünsi hem-de atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleri ýaşlara bilimlere tarap giň ýol açdy. Çykyş edenler özleri üçin döredilen şertleriň bilimleri hem-de hünärleri düýpli özleşdirmäge, ylmy dünýägaraýyşlary kemala getirmäge mümkinçilik berýändigini, daşary ýurtlarda Garaşsyz Watanymyza wekilçilik etmegiň, milli Liderimiziň ýöredýän parahatçylyk, dostluk we döredijilik syýasatynyň ilçileri bolup çykyş etmegiň ynanylandygyna buýsanýandyklaryny aýtdylar.

Talyplar döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna mynasyp goşant goşmakdan gaýry wajyp zadyň ýokdugyna ynandyrdylar.Mähirli ýagdaýa beslenen şu günki duşuşyk milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna — ýurdumyzyň geljegine uly umyt baglaýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplara Türkmen alabaýy atly kitabyny ýadygärlik sowgat berip, onda okyjynyň türkmen halkynyň alabaý ýaly milli buýsanjy barada köp gyzykly maglumatlary, şol sanda taryhy wakalaryň, rowaýatlaryň, arhiw maglumatlarynyň mysalynda dürli wakalary tapyp bilerler diýip belledi. Ýaponiýa hem edil Türkmenistan ýaly baý taryhy we medeniýeti, özboluşly däp-dessurlary bolan ýurtdur, bu ýerde-de milli gymmatlyklar aýawly saklanylýar hem-de nesilden-nesle geçirilýär.

Milli Liderimiziň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen kitabynda belleýşi ýaly, gadymy döwürlerden bäri ýurdumyzyň çäginden onuň esasy ugurlary geçip, yklymyň halklaryny we ýurtlaryny birleşdiripdir, olar Gündogaryň we Günbataryň özara gatnaşyklaryny ösdürmekde uly orun eýeläpdir.

Ady rowaýata öwrülen bu ýol bizi gadymy döwürlerde birleşdiripdir, häzir bolsa onuň medeni mirasy birleşdirýär.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlenip, siz öz ýokary ylym-bilimiňiz bilen dogduk Diýaryňyza gelip, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işlere goşandyňyzy goşmalysyňyz diýip, olara ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bilim almak, öwrenmek, zähmet çekmek, dünýäde Bitarap Watanymyzyň abraýyny artdyrmak — bularyň hemmesi biziň ýaşlarymyzyň esasy maksady bolmalydyr.Watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly belent maksatlary terbiýelemek — bu taryhy, şu günümizi we bagtly geljegimizi öz içine alýan ýaş nesil üçin nusga alarlyk mekdepdir.

Milli Liderimiz ýaş türkmenistanlylaryň öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirip, talyplara okuwda, ylmy sapaklarda, öňdebaryjy tehnologiýalary we bilimleri özleşdirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.Döwlet Baştutanymyz günüň ikinji ýarymynda Chinzanso Tokyo myhmanhanasyndan çykyp, Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne tarap ugrady.

Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde, Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy. Çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, imperatorlyk häkimiýeti gadymy döwürlerden bäri Ýaponiýanyň dolandyryş düzüminde möhüm orun eýeleýär, munuň özi ýapon halkynyň milli taryhynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde imperatorlar neberesine oňyn garaýşy bilen şertlendirilendir. Ýaponiýanyň Konstitusiýasy Imperatory döwletiň nyşany we halkyň bitewüligi diýip yglan edýär.

Imperator derejesi şa neberesiniň erkeklerine degişlidir.Saparlaryň maksatnamasyna belent mertebeli myhmanlaryň Imperator bilen duşuşyklarynyň goşulmagyna myhmana we onuň ýurduna aýratyn hormatyň nyşany hökmünde baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hem 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň çäklerinde bu ýurduň Imperatory bilen duşuşandygyny ýatlamak ýerliklidir.

Naruhitonyň tagta geçmegi bilen, Ýaponiýada Reýwa täze imperiýa eýýamy — sazlaşyk ýa-da gülläp ösýän dünýä diýen eýýam başlanýar.Onuň ady geljekki on ýyllyklara öwüşgin çaýýar.Döwrüň adyny ilkinji gezek Manýosýu ýapon şygrynyň antologiýasyndan saýlap aldylar. Şol eser baharyň başynda erik agaçlarynyň gülläp ösüşini beýan edýär.

Akihitonyň dolandyran döwri Heýseý diýlip atlandyryldy, ol dünýäniň gazananlary diýmegi aňladýar. Şondan öň Sýowa döwri — bilimli dünýä diýlip atlandyrylypdyr.Däp bolşy ýaly, tagta geçmek dabarasyna Ýaponiýanyň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Kesgitlenen tertibe laýyklykda, bellenilen wagtda Seiden zalyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito dabaraly ýagdaýda gelýär hem-de Imperator tagtyna geçip oturýar.Imperator Naruhito dabaraly söz sözleýär.Soňra Ýaponiýanyň Premýer-ministri gutlag sözi bilen çykyş edýär.

Imperatoryň adyna uzak ömri aňladýan Banzaý gadymy ýapon arzuwy beýan edilýär.Jaňyň sesi tagta geçmek dabarasynyň tamamlanandygyny aňladýar, şondan soň belent mertebeli myhmanlar bu ýerden ugraýarlar.Agşam Ýaponiýanyň Imperatorynyň tagta çykmagy mynasybetli Imperator köşgünde resmi nahar berildi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Imperator Naruhito we onuň maşgala agzalary bilen salamlaşýar.Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Chinzanso Tokyo myhmanhanasynda sapar mahaly bellenilen kabulhanasyna bardy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary
TÜRKMEN-ÝAPON GATNAŞYKLARYNYŇ BELENT DEREJESI
24.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy
Ýaponiýada Patyşa maşgalasynyň iň garry agzasy şa zenan Mikasa aradan çykdy
Sigure Isiba Ýaponiýanyň täze Hökümet başlygy boldy