22.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Prezident, gadyrly doganym!Siziň Alyhezretiňize Gurban baýramy mynasybetli halkymyň adyndan hem-de hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.Beýik Biribardan Size, gadyrly doganyma berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, durnuklylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Gurban baýramy — ýagşy pikirleriň, belent ahlaklylygyň we ruhy tämizligiň baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Rehimliligiň hem-de haýyrly işleriň baýramynyň jebislige, parahatçylyga we durnuklylyga ýardam etjekdigine umyt edýärin. Şolaryň netijesinde, musulmanlar biri-birine kömek edip, ekstremizme we zorluga garşy durup bilerler.Siziň Alyhezretiňize Beýik Allatagaladan berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa deňlik, doganlyk, abadançylyk we rowaçlyk dileg edýärin.

Hasan Ruhani,Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we mähirli arzuwlarymy uly kanagatlanma bilen beýan edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize, gadyrly doganyma saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna mundan beýläk-de öňegidişlik we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.Abdel Fattah Al-Sisi,Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.Bu mukaddes baýramyň Türkmenistanyň halkynyň şatlyk-buýsanjyny artdyryp, tutuş musulman ymmatynyň raýdaşlygyny berkitjekdigine ynanýaryn.

Size abadançylyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.Abdul Hamid,Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentidoganym Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli halkymyň adyndan we Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Şunuň bilen baglylykda, Gudraty güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna öňegidişlik, rowaçlyk, abadançylyk we durnuklylyk eçilmegini dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.Siziň doganyňyz,Salman Ben Abdel Aziz Al Saud,Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri,Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Şu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.

Bu şatlykly baýramçylyk güni Beýik Biribardan doganlyk türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna ösüş hem-de rowaçlyk dileýärin.Size çuňňur hormat we sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hamad bin Isa Al Halifa,Bahreýniň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we öz adymdan Size mukaddes Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmek we öňe gitmek baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.Abdulla II,Iordaniýanyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermegi özüm üçin hormat saýýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi hem-de öňe gitmegi arzuw edýärin.Beýik Allatagaladan tutuş musulman ymmatyna ýagşylyk we abadançylyk dileýärin.

Kabus bin Said,Omanyň Soltany. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Şatlykly Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Siziň ýurduňyza hem-de halkyňyza gülläp ösmegi we rowaçlygy, şeýle hem tutuş musulman ymmatyna abadançylyk dileg edýärin.

Iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,Kuweýt Döwletiniň Emiri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Şu mukaddes günlerde tutuş musulman ymmatynyň doga-dilegleriniň hem-de haj ybadatlarynyň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýärin.

Iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin.Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk hem-de dostlukly halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,Doktor Abdulla Abdulla,Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Bangladeşiň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de Hökümetine tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Beýik Allatagaladan haýyrly işleri kabul etmegini hem-de şu mukaddes baýramyň tutuş musulman ymmatynyň agzybirligini we raýdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga hyzmat etmegini dileýärin.Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Şeýh Hasina,Bangladeş Halk Respublikasynyň Premýer-ministri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Gudraty güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna abadançylyk we rowaçlyk dileg edýärin.Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de dostluk we hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Muhammed bin Raşid Al-Maktum,Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Gudraty güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk hem-de rowaçlyk dileg edýärin.Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de dostluk we hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Muhammed bin Zaýed Al-Nahaýan,Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli mähirli arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Allatagaladan biziň ählimize hem-de tutuş musulman ymmatyna öňegidişlik we durnuklylyk dileýärin.Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.Muhammad ben Salman ben Abdel Aziz Al Saud,Mirasdüşer Şazada, Saud Arabystany PatyşalygynyňMinistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy doganlyk arzuwlarymy ýollamak mende uly şatlyk duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Siziň sogaply işleriňizi kabul etmegini, geljekki ýyllarda hem baýramçylyklary bellemek mümkinçiligini peşgeş bermegini, Size berk jan saglygyny hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.Siziň doganyňyz,Muhammed ben Saad ben Halid Al-Saud,Saud Arabystany Patyşalygynyň Emiri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Jenap Prezident!

Siziň Alyhezretiňize öz adymdan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adyndan Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.Beýik Biribardan Türkmenistana mundan beýläk-de gülläp ösmegi we rowaçlygy, tutuş musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, howpsuzlyk we abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Ýusef bin Ahmad Al-Osaýmin,Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

Ýene degişli makalalar

Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary...
11.08.2019 | Türkmen Lideriniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlarlar gelip gowuşdy
07.06.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy