22.08.2018 | Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki göçme mejlisi

Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki göçme mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşyna seredildi, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içerki syýasaty durmuşa geçirmekde geljekki wezipeler hem-de döwlet syýasatynyň beýleki birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär.Senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, söwda, oba hojalygy hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly möhüm ugurlarda oňat görkezijiler gazanylýar. Önüm öndürilişi, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artýar. Şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan önümçilik we durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli we döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak üçin degişli çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz maýa goýumlary çekmegiň halk hojalyk toplumyny depginli ösdürmegiň möhüm şertidigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işler, şol sanda tebigy gazyň, gaz kondensatynyň we suwuklandyrylan gazyň öndürilýän hem-de şolaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň möhüm şertidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşyna berk gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek hem-de abadanlaşdyrmak, nebitgaz çykarýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýurdumyzda gurlan, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürjek täze, gazy gaýtadan işleýän toplumlary işe girizmäge taýýarlamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Meýdanlarda sürüm hem-de tekizleýiş işleri, tagt we ýuwuş suwuny tutmak hem-de ekiş üçin zerur bugdaý tohumlaryny, ekiji tehnikalary we gurallary taýýarlamak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Bu ekin üçin bölünip berlen ýerlerde hatarara bejergi işlerini geçirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.Pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görülýär.Wise-premýer hormatly Prezidentimize welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, güýzlük däne ekişine ak pata bermek barada haýyş bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda hem gowy netijeler gazanylýandygyny belledi.Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökünler, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw hem-de beýlekiler bilen üpjün edilýär.Häzir gallaçy daýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipe durýar — bugdaý ekişi ýetip gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz ekiş möwsümini gysga wagtyň içinde, ýokary hilli we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň uly ähmiýetini belledi. Çünki ekiş möwsüminde geljek ýylyň hasylynyň düýbi tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurban baýramynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 29-njy awgustdan, Daşoguz welaýatynda bolsa 5-nji sentýabrdan başlap, bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berdi.

Milli Liderimiz hormatly ýaşulularymyzdan bugdaý ekişini Bismilla!bilen başlap bermeklerini haýyş edip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almagy, onuň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow senagat toplumynda alnyp barylýan işler, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýerli tebigy serişdeleriň esasynda önüm öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagatynyň düşewüntliliginiň ýokary derejesini üpjün etmegiň döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň baş wezipeleriniň biridigini nygtady. Şu maksatlar bilen döwletimiz pudaklary döwrebaplaşdyrmaga, kärhanalary gaýtadan enjamlaşdyrmaga, önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak üçin ulgamlaýyn uzak möhletli höweslendirmeleri döretmäge hem-de ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny özleşdirmäge iri maýa goýumlaryny gönükdirýär.

Milli Liderimiz täze tehnologiýalaryň binýadynda önümçilikleri diwersifikasiýalaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagyň, tebigy we mineral çig-mal serişdelerini oýlanyşykly hem-de netijeli peýdalanmagyň, bu ulgamda dünýäniň makroykdysady ýagdaýlaryny öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, toplumyň strategik ähmiýetli senagat desgalarynyň gurluşygynyň hilini we möhletini üpjün etmek boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow önümleri eksporta gönükdiriljek karbamid dökünlerini öndürmek boýunça sebitde iň kuwwatly kärhanany ulanmaga tabşyrmaga degişli öňde boljak çäreler baradaky meselelere ünsi çekip, bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistany mineral önümleri eksport ediji iri ýurtlaryň hataryna çykarýandygyny nygtady hem-de wise-premýere desganyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, Mary döwlet elektrik bekediniň çäginde utgaşykly dolanyşykdaky täze elektrik bekedinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, onuň çäklerinde degişli düzüm desgalaryny gurmak boýunça işler doly tamamlandy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik stansiýalarynyň 13-si hereket edýär.Hasabatyň çäklerinde 28 — 30-njy awgustda “Türkmengurluşyk — 2018” halkara sergisini hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan ýöriteleşdirilen foruma daşary ýurt kompaniýalarynyň 72-siniň gatnaşmagyna garaşylýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda döwletimiziň goldaw bermegi bilen, giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Şol taslamalar hereket edýän gaz turbinaly elektrik beketlerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de täzelerini gurmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektroenergetika pudagynyň goşmaça kuwwatlyklaryny işe girizmek bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, bu ugurda işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.Munuň özi elektrik energiýasynyň içerki sarp edilýän möçberini üpjün etmäge, şeýle hem hereket edýän we täze ugurlar boýunça onuň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda, täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri peýdalanmagyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz halkara serginiň we maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere şol forumlaryň giňişleýin mahabat işini guramak barada görkezmeleri berip, bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň demir ýol, howa, awtomobil kärhanalarynyň hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň işlerini şu günüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, yklymyň uly ýollarynyň çatrygynda Türkmenistanyň amatly ýerleşmeginiň artykmaçlygynyň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag ulgamyna degişli kuwwaty bähbitli amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli pudaklaryny depginli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şolar iň oňat dünýä ölçegleri boýunça işlemelidir.

Milli Liderimiz ulag toplumynyň işleýşiniň meselelerine ünsi çekip, ony has-da kämilleşdirmegiň, hemişe täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe, peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň, hiliň ýokary derejelerine we halkara ölçeglere kybap gelýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda ulgamynda alnyp barylýan işler, ilata ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň önüm öndürijileri bilen ýygjam hyzmatdaşlyk esasynda içerki bazarlar halkyň sarp edýän harytlary, azyk önümleri bilen gündelik üpjün edilýär. Şu günler Gurban baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilmegi mynasybetli welaýatlarda hem-de Aşgabatda göçme dükanlaryň hasabyna hem baýramçylyk söwdalary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we daşary ýurtlara iberilýän önümleri öndürmek, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny, kiçi we orta işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça döwlet maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda çykarylýan harytlaryň möçberiniň hem-de görnüşiniň köpeldilendigini belläp, ulgamlaýyn seljermäni hem-de şolaryň hiline gözegçiligi alyp barmak, bazaryň ýagdaýyny öwrenmek babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde, ruhubelent ýagdaýda geçirilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi, Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan çäreler barada hasabat berdi.Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralaryň çäklerinde ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler. Şu ýyl 1-nji synpa okuwa kabul edilen 146 müň 873 okuwça Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan öwrediji kompýuterler sowgat berler.

Bilim edaralarynda ilkinji okuw sapaklary şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygaryna bagyşlanar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, bilim hem-de terbiýeçilik işlerini has-da kämilleşdirmek, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň döwrebap bilimleri üstünlikli özleşdirmegi, aň-başarnyk mümkinçiliklerini ösdürip bilmegi, öz ukyplaryny we zehinlerini amala aşyrmagy üçin hemme şertleri döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da berkitmek, durmuş we ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Mejlisiň gün tertibi boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek işi dowam edýär, maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşjak resminamalarynyň taslamalary taýýarlanylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan ugry bilen baglylykda işlenip taýýarlanylýan kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini belläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen bu işi amala aşyrmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisini geçirmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, umumymilli foruma taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.Bu maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň berk berjaý edilmeginde hem-de demokratik esasda geçirilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.Halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň, onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň geljekde hem abraýly halkara guramalar bilen giň hyzmatdaşlyk ýoluna eýerjekdigini aýtdy. Şolar bilen hyzmatdaşlykda uly tejribe toplandy, dürli ugurlarda bilelikdäki maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu netijeli gatnaşyklar milli bähbitlere laýyk gelip, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, sebitde hem-de dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, degişli ugurda köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra çykyş eden Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň çäklerinde başyny başlan düýpli özgertmeleriniň amala aşyrylmagynyň barşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni olaryň garamagyndaky edaralaryň öňünde durýan ilkinji nobatdaky möhüm wezipelere çekdi.Döwletimiziň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün etmek meselelerini gözegçilikde saklamaly diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olary häzirki zaman enjamlary hem-de iň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça mundan beýläk-de zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň bilelikdäki göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek Gurban baýramy bilen gutlady hem-de olara işlerinde uly üstünlikleri, berkarar Watanymyzyň ähli halkyna bolsa Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilen ýylda gülläp ösüşi arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi