Görogly etrabynyň daýhanlary ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ilkinji bolup, däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň üstünlik bilen hötdesinden geldiler. Şu ýylyň hasyly üçin bu ýerde 16 müň gektar ýer bölünip berlip, soňra ýerden bugdaýyň 31 müň 500 tonnasy ýygnalyp alyndy.
Hasylyň köp bölegini ýokary hilli tohumlyk däne emele getirdi. Şeýle netijäniň gazanylmagyna oba hojalyk önümçiliginde bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň öňdebaryjy ylmy usullarynyň ulanylmagy we oraga gatnaşyjylaryň ählisiniň üznüksiz işlemegini üpjün edýän örän oýlanyşykly orak möwsüminiň strategiýasy, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň zähmetkeşleri baradaky aladasy netijesinde satyn alnan oba hojalyk tehnikalarynyň giň gerim bilen peýdalanylmagy ýagdaý döretdi.
Etrabyň meýdanlarynda John Deere (ABŞ) we CLAAS (Germaniýa) kysymly kombaýnlaryň 39-sy, 200-e golaý ulag gije-gündizleýin işledilýär.Etrabyň ekerançylyk hojalyklaryndan Magtymguly daýhan birleşiginiň daýhanlary wezipä ilkinji bolup üstünlikli hötde gelip, olar 1 müň 670 gektardan 4 müň 800 tonnadan gowrak däne ýygnadylar bu bolsa bellenilendäkiden ep-esli köpdür.
Bugdaý taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren hojalyklaryň hatarynda Aksaraý daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem bar.Görogly etrabynyň ýer eýeleri depginlerini gowşatmaýarlar, orak möwsümi dowam edýär. Çünki, meýdanlarda däne heniz az däl.
Umuman, Daşoguz welaýaty boýunça bugdaý oragy ýokary depginler bilen barýar.Welaýatda 157 müň gektardan gallaçy daýhanlar bugdaýyň 300 müň tonnasyny taýýarlamagy maksat edinýärler.Oraga däne orujy kombaýnlaryň 380-si gatnaşýar, göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň 117-si üznüksiz işleýär, ulaglaryň 1 müň 900-si bugdaýyň kabul ediş bölümlerine daşalmagyny üpjün edýär.
Häzirki jogapkärli möwsümiň öňdebaryjylarynyň hatarynda Ruhubelent we Gubadag etraplarynyň daýhanlary barýarlar.Mehanizatorlar hem-de däne oragy möwsümine beýleki gatnaşyjylar hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp, olar üçin meýdanlarda dynç alyş wagtyny medeniýetli geçirmek çäreleri guraldy. *** Darganata we Kerki etraplarynyň zähmetkeşleriniň yz ýany bilen şu gün Lebapda dänäni iri öndürijileriň biri bolan Halaç etrabynyň kärendeçileri bugdaý taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine üstünlik bilen hötde geldiler.
Olar 25 müň gektara golaý meýdanda oňat hasyl ýetişdirdiler hem-de Watan harmanyna bereketli gallanyň 54,3 müň tonna golaýyny tabşyrdylar.Mehanizatorlaryň, sürüjileriň yhlasly zähmeti, däne orujy-daşaýjy toplumlaryň işleriniň sowatly guralmagy, meýdan şertlerinde möwsüme gatnaşyjylara medeni taýdan hyzmat edilmegi şeýle giň gerimli meýdanda hasyly iň oňaýly möhletde we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam etdi.
Pelwert, Ärsarybaba, Garamätnyýaz, Rahmançaga daýhan birleşikleriniň kärendeçileri şertnamalaýyn borçnamalaryna etrapda ilkinji bolup hötde geldiler.Olar borçnamalaryny 5 we ondan hem köp göterim artyk ýerine ýetirdiler.Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýen şygar astynda geçýän ýylymyzy Seýitnazar Seýdi adyndaky we Ak gala daýhan birleşikleriniň daýhanlary hem uly üstünlige besläp, harmana 4,2 müň tonna däne, şol sanda borçnamadan artyk degişlilikde 500 tonna hem-de 380 tonna golaý hasyl tabşyrmagy başardylar.
Bugdaýly meýdanlarda orak dowam edýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen obasyny gülledip ösdürmek baradaky aladasyna iş bilen jogap berip, Halaç etrabynyň gallaçy kärendeçileri meýdandaky hasyly doly ýygnap almagy hem-de Watanymyzyň harmanyna azyklyk bugdaýyň ýene-de ýüzlerçe tonnasyny goşmagy maksat edinýärler.