Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Köpetdagyň owadan künjekleriniň birindäki tebigy hem-de taryhy ýadygärlikler we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. ...
Ir bilen milli Liderimiziň dikuçary ýurdumyzyň serhet gullugyna degişli Köpetdagyň etegindäki serhet galalarynyň birinden uzakda bolmadyk ýerdäki meýdança gelip gondy. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysyny harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.Soňra serhet galasynyň merkezi binasynda ýerleşýän maslahat zalynda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeler, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de işlerini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri girizildi.
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi.Ministr milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan harby özgertmäniň öňe ilerledilişi, ýokary hünär derejeli serkerdeleriň taýýarlanylyşy hem-de Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitaraplyk derejesine ygrarly bolan hem-de goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili hökmünde öz goranyş ukyplylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada alada etjekdigini nygtady.
Bu ulgamda döwlet syýasatynyň geljek üçin esasy ugurlary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini iň täze ýörite tehnikalar bilen enjamlaşdyrmak hem-de serkerdeleriň we esgerleriň üstünlikli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin hemme şertleri üpjün etmek bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra içeri işler ministri I.Mulikow hukuk düzgün bozulmalaryň öňüni almak hem-de ýol-ulag hadysalary öňünden duýdurmak maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kanunylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň saklanylmagynyň, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň goralmagynyň IIM-niň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol-gözegçilik gullugynyň işine aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýollarda degişli tertip-düzgüni saklamak boýunça hemme çäreleri görmek barada ministre degişli tabşyryklary berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu edaralaryň işini kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň uly orun tutýandygyny belledi hem-de kazyýet işgärleriniň kabul edýän çözgütlerine jogapkärçilik çekýändiklerine ünsi çekdi.Bu ulgamyň işgärleri kanuna doly, berk we yzygiderli eýermelidir, her bir anyk ýagdaýy düýpli seljermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Baş prokuror B.Atdaýew ähli pudaklarda kanunçylygyň berjaý edilmegine yzygiderli gözegçilik etmek boýunça geçirilýän işler hem-de alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.Prokuratura işgärleri öz gulluk borjuny doly derejede ýerine ýetirmelidir.
Olaryň borjy biziň hukuk döwletimizde kanunyň ähli zatdan ileri tutulmagyny üpjün etmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ilatyň hukuk düşünjesini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Kanunlaryň hem-de kadalaýyn-hukuknamalaryň berjaý edilişine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmaly, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak boýunça işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi.
Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz bu edaranyň esasy wezipeleriniň biriniň mizemez Garaşsyzlygymyzyň, döwletimiziň kuwwatynyň we howpsuzlygynyň esasyny berkidýän möhüm özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmegine ýaramaz täsir edip biläýjek ýagdaýlary öz wagtynda ýüze çykarmakdan hem-de aradan aýyrmakdan ybaratdygyny belledi. Öňde goýlan wezipelere hötde gelmegi başarmak şahsy düzümiň syýasy, hünär we hukuk taýdan taýýarlygyna baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz MHM-niň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew korrupsiýa garşy göreşmek maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen alnyp barylýan anyk işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýaramaz ýagdaýlary emele getirýän sebäpleri hem-de şertleri aradan aýyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurdaky işleriň halkara hukugynyň we milli kanunçylygyň kadalaryna pugta laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edaranyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleri has-da kämilleşdirmek boýunça çäreler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy döwletimiziň gümrük gullugynyň işiniň döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmegi üçin täze usullary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz halkara ykdysady hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleriň döredilmegini, maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny hem-de ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, düzümiň öňünde goýlan wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi talap etdi.
Adalat ministri B.Muhammedow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hukuk edaralarynyň üstüne döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan kabul edilýän hukuknamalaryna hukuk taýdan seljermeleri geçirmek, kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, hukuk ulgamyna degişli maglumatlar we beýlekiler ýaly möhüm wezipeleriň ýüklenilýändigini nygtady.
Milli Liderimiz öz nobatynda munuň bu ulgam üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň zerurdygyny şertlendirýändigini belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow gullugyň netijeli işini üpün etmek boýunça geçirilýän işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanda geçirilýän dürli halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň, wajyp syýasy, ykdysady we medeni çäreleriň, daşary ýurtly syýahatçylaryň, işewürleriň ýurdumyza gelmeginiň yzygiderli artýandygyny nazara alanyňda, Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň öňünde duran wezipeleriň möhümdigini we jogapkärçiliginiň hemişe ýokarlanýandygyny belledi.
Bu edaranyň işgärleri ähli güýçlerini, başarnyklaryny hem-de bilimlerini gaýgyrman, ýokary syýasy taýýarlygyna eýe bolup, migrasiýa ulgamynda döwlet syýasatyny mynasyp durmuşa geçirmäge ukyply harby gullukçylaryň ýokary hünär derejesiniň nusgasyny görkezmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler hem-de Watanymyzyň mukaddes araçäklerini goramak, serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine yzygiderli eýerýändigini belledi.Hormatly Prezidentimiz serhetçileriň hemmetaraplaýyn taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmegiň baş talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gullugyň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň ahyrynda Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy mähriban topragymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmekde, halkymyzyň abadan durmuşyny hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleri döretmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň tutýan möhüm ornuny ýene-de bir gezek nygtap, öňde goýlan wezipeleri çözmekde ähli düzümleriň utgaşykly işlemeginiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilen serhet galasynyň binalaryny gözden geçirdi.Bu ýerde harby gullukçylaryň durmuşy we gullugy üçin hemme şertler döredildi.Merkezi binada Maglumat merkezi ýerleşip, ol ýerde ýagdaýy gözegçilikde saklamaga hem-de döwlet serhediniň şu böleginde ýüze çykyp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlara dessine täsir etmäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar oturdylypdyr.
Merkeziň tehniki taýdan mümkinçiliginiň netijesinde serhetçiler serhet zolagynda gije-gündizleýin wideoşekilli gözegçiligi alyp barýarlar hem-de ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki bölümler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar. Şeýle hem bu ýerde dürli iş otaglary we çäreleri geçirmäge niýetlenen giň maslahat zaly hem-de kitaphana bar.
Toplumda esgerleriň ýatylýan otagy hem oňaýlylyk derejesi bilen tapawutlanýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileriň dynç almagy üçin döredilen şertler, olaryň gündelik durmuşda ulanýan serişdeler bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeň wagyz ediji bolmak bilen, sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegine hem-de ýurdumyzyň ilatyny, ilkinji nobatda, ýaşlary sporta çekmek meselelerine örän uly üns berýär.Beýleki ähli düzümlerde bolşy ýaly, Milli Goşunymyzda şahsy düzümiň beden we hünär taýdan taýýarlygy üçin hemme şertler üpjün edilýär.
Serhet galasynyň harby gullukçylarynyň ygtyýarynda sport meýdançalary we zallary bar. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy naharhana hem-de aşhana ýerleşen bina baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.Döwlet Baştutanymyza serhetçi esgerleriň çeper eserleri görkezildi.
Surat çekmäge gyzyklanma bildirýän ýaş esgerleriň eserlerinde türkmen tebigatynyň gözelligi we gaýtalanmajak keşbi beýan edilýär.Milli Liderimiz harby gullukçylaryň wagtlaryny gyzykly geçirmegi guramagyň, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmagyň ähmiýeti barada aýdyp, ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda döredijilik bilen meşgullanmagyň möhüm orun tutýandygyny, Watan goragçylarynyň ruhubelentligini artdyrmaga uly täsir edýändigini belledi.
Aýdym-saz sungaty bilen meşgullanýan serhetçi esgerler täze döreden aýdymlarynyň birini aýdyp berdiler.Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylar bilen çaý başynda söhbetdeşlikde şahsy düzüm üçin azyk iýmitiniň guralyşy, olar üçin taýýarlanýan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi bilen hem gyzyklandy.
Serhetçiler bu ýerde gulluk etmek, şeýle hem dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini bellediler.Esgerler Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary barada yzygiderli aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mukaddes araçäklerini goramak işinde şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam etjekdiklerine ynam bildirdiler.
Esgerler gullukdan boş wagtlary sport hem-de çeper döredijilik, aýdym-saz bilen meşgullanýandyklaryny gürrüň berdiler.Söhbetdeşligiň dowamynda esgerler dutarda özleriniň täze öwrenen ýene-de bir sazyny höwes bilen ýerine ýetirdiler.
Döwletimiz mundan beýläk-de, ýurdumyzyň ähli serhet galalarynda Watanymyzyň mukaddes araçäklerini ygtybarly goramak, harby gullukçylaryň oňaýly durmuşy we dynç almagy, olaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin şertleri döretmek boýunça işleri yzygiderli alyp barar, şeýle hem serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemişe berkider diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygy, dost-doganlyk serhedine öwrülmegi bilen baglanyşykly meseleleriň Türkmenistanyň goranmak häsiýetli Harby doktrinasynyň möhüm ugrudygyny belläp, bu işleriň yzygiderli dowam etjekdigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileriň öz harby we watançylyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynam bildirip, öňde goýlan wezipeleri çözmekde olara üstünlikleri arzuw etdi.
Serhetçiler we olaryň maşgala agzalary üçin ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýjylaryň amatly durmuş we dynç alyş şertleri üpjün edýän döwrebap oňaýlyklaryň ählisi göz öňünde tutulypdyr.Bu ýerde çagalar üçin gurnalan oýun meýdançalary, ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezi hem bar.
Serhet galasynyň çäklerinde durmuş üpjünçiligine degişli özbaşdak ulgamlar ýerleşýär, gulluk itleri üçin ýörite jaýlar bar. Şol itler harby gullukçylar bilen bilelikde gije-gündiz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda durýar.Soňra milli Liderimize serhetçileriň ygtyýarynda bolan döwrebap harby tehnikalaryň nusgalary görkezildi.
Watanymyzyň mukaddes araçäklerini ygtybarly goramaga niýetlenen ýörite tehnikalaryň dürli görnüşleri Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde Döwlet serhet gullugyna gelip gowuşýar. Ýokary söweşjeň häsiýetlere eýe bolan iň täze tehniki serişdeler hem-de enjamlar ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün edýär, Watanymyzyň goranmak kuwwatynyň girewi bolup hyzmat edýär.
Harby gullukçylar taýýarlanylanda söweş endiklerine, häzirki zaman çylşyrymly tehnikalary dolandyrmaga uly üns berilýär.Esgerler we serkerdeler nazary hem-de söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezip, döwletimiziň yzygiderli aladasyna mynasyp jogap berýärler.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň söweşjeň taýýarlygyny barlamak boýunça yzygiderli geçirilýän meýilleşdirilen we duýdansyz okuwlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy tehnikalaryň aýratynlyklary we häsiýetnamalary bilen içgin tanşyp, döwletimiziň serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny iň häzirki zaman ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyny nygtady.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly üpjün edilen eldegrilmesizligi Watanymyzyň özbaşdaklygynyň kepilidir.Milli Liderimiz parahatçylykly serhedimiziň döwletimiziň gülläp ösüşini hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny şertlendirýän dostluk we doganlyk, mizemez daýanç serhedini alamatlandyrýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň bu möhüm wezipäniň çözülmegine gönükdirilendigini nygtap, degişli ýolbaşçylara terbiýeçilik-watançylyk işlerine, Watan goragçylary bolan ýaş hünärmenleriň umumy bilim derejesini ýokarlandyrmak meselelerine uly üns bermegi tabşyrdy we bu ýerden ugrady.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary daga tarap ugur aldy.Biraz wagtdan dikuçar dag etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde gondy.Bu ýerde milli Liderimiziň öňünde Köpetdagyň eteginiň giňişlikleriniň täsin görnüşi açyldy, belent dag gaýalary ajaýyplyklary bilen haýran galdyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde halkymyzyň geçmişi barada örän uly gymmatlyklara eýe bolan maglumatlary özünde saklaýan täsin künjekler köp.Gadymy zamanyň, antik eýýamynyň we orta asyrlaryň ýylýazgyçylary biziň ajaýyp ülkämiz barada baý maglumatlary hem-de resminamalary galdyrypdyrlar.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň taryhy heniz ýazylmagyna garaşýan beýik açyşlaryň kitabydyr.Soňky ýyllarda Türkmenistanyň häzirki çäklerinde gülläp ösen siwilizasiýalaryň bolandygyna, bu ýerde ekerançylyk medeniýetiniň dörändigine, senetçiligiň, şeýle hem özboluşly binagärlik sungatynyň ösendigine şaýatlyk edýän örän baý maglumatlar toplanyldy. Şonuň bilen bir wagtda ýurdumyzda açylyşyna garaşýan taryhy ýerleriň ýene köpsanlysy bar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Diňe bir Amyderýanyň ugry, Köpetdag eteginiň çägi hem-de Hazar deňziniň kenarýakasy boýunça däl-de, eýsem, tozap ýatan ýer hasap edilen Garagum çölüniň merkezinde hem gülläp ösen obalar we şäherler bolupdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garagum çölüniň merkezinde hem gadymy döwürlerde bol suwly Uzboý we Murgap derýalary akyp, köpsanly ilatly ýerlere we kerwensaraýlara durmuş getiripdir.Ol ýerlerde söwda kerwenleri saklanypdyrlar, bu ýerden gury ýol bilen, şeýle hem deňizleriň üsti bilen harytlary dünýäniň dürli künjeklerine äkidipdirler.
Häzirki wagtda ol şäherleriň we obalaryň köpüsiniň üsti dünýäniň iň uly çölleriniň biriniň çägelikleri bilen örtülipdir, alymlaryň aýdyşy ýaly, olar gaplanylan görnüşdedirler.Milli Liderimiz türkmen topragynyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, olaryň köpüsiniň ylym üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlydygyny belledi.
Biziň halkymyz dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşdy, munuň özi ylmy esasda ygtybarly delillendirilen binýada esaslanýar hem-de häzirki zaman ylmynyň meşhur wekilleri tarapyndan subut edilendir, şeýle hem bize golýazma eserlerini galdyran gadymyýetiň akyldarlary tarapyndan tassyklanylýar.
Binagärlik sungatynyň ýerli mekdepleri serhetýaka döwletlere uly täsirini ýetiripdir.Muňa Türkmenistanyň binagärlik ýadygärlikleri, gadymyýetiň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saklanyp galan ägirt uly şäherleriniň galyndylary aýdyň mysal bolup biler.Soňky ýyllarda arheologiýa maglumatlaryny öwrenmek, olary tertipleşdirmek, täze tapyndylary toparlara bölmek boýunça iri möçberli işler geçirilýär.
Taryh ylmynyň, arheologiýanyň we olar bilen baglanyşykly ylmy ugurlaryň şeýle okgunly ösüşi olara döwlet syýasatynda berilýän ähmiýetli orun, alymlaryň netijeli işlemekleri üçin döredilen aňrybaş ajaýyp mümkinçilikler bilen şertlendirilendir.Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda gadymy döwürlerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dörän şäherler, kerwen ýollarynyň düşen ugry barada gymmatly maglumatlar getirilýär.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda bu uly göwrümli we taryhy nukdaýnazardan örän uly ähmiýeti bolan kitabyny ýazmagy dowam edýändigi barada aýdyp, taryhçy alymlaryň geljekde hem yzygiderli ýagdaýda ylmy barlaglary geçirmekleriniň, eziz ülkämiziň künjeklerini, ýurdumyzyň çäginde ýerleşen gadymy şäherleri we ägirt uly gymmatlyga eýe bolan mukaddes ýerleri öwrenmelidirler diýip nygtady.
Bu işler häzirki wagtda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we täze arheologiýa barlaglaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz gadymy daş diňiň örän ajaýyp dag künjekleriniň birinde ýerleşen gözegçilik desgasynyň ýanynda saklandy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň ähli ýerleriniň biziň azatlygymyza, şeýle hem parahatçylykly döredijiligimize howp salmak isleýänler bilen göreşiň taryhy bolup durýandygyny belläp, taryhçylaryň, etnograflaryň we beýleki hünärmenleriň ony çuňňur öwrenmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek üçin bilelikdäki tagallasynyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz taryhy döwürlerde türkmenleriň öz ýurduny ähli zatdan eý görüp gorandyklaryna şaýatlyk edýän taryhy çeşmeleriň köpdügini nygtap, ýurduň araçägine golaý ýerlerde ýörite gorag depeleriniň bolandygyny, bu ýerlere duşman aralaşsa, şol depeleriň üstünde ot ýakmak arkaly habar berlendigini aýdyp, munuň serhetleriň asudalygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bolandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerleriniň taryhyna, ýerli ilatyň özboluşly däp-dessurlaryna hem-de dag içinde dörän obalaryň atlarynyň gelip çykyşyna degişli birnäçe rowaýatlaryň saklanyp galandygyny, olaryň alymlar tarapyndan içgin öwrenilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu künjegiň taryhyna degişli birnäçe rowaýatlary gürrüň berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýanynda bolýan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hoşlaşyp, dikuçara tarap ugrady.Döwlet Baştutanymyz dikuçary özi dolandyryp, paýtagtymyza tarap ugur aldy. Ýolugra milli Liderimiz Köpetdagyň özboluşly künjeklerini, dag gerişlerini, bu ýerlere mahsus bolan kert gaýalary synlady.
Güýz paslynyň ahyrky günlerinde dag dereleriniň, çuň jülgeleriň özboluşly gözelligi bar.Türkmen halkynyň ýurt tutunan bu topragynyň her daban ýerinde, dag-düzlerinde, tebigatynda ynsan kalbyna ýakyn özüneçekijilik bar.
Adamlar asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, topragyň göwnejaý derejede özleşdirilmegi, ondan bol hasyl alynmagy hem-de milli tebigatyň aýawly saklanylmagy, geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edipdirler. Öz ýurduny gözüniň göreji ýaly goran we bu künjekleriň gözelliginiň artmagy, türkmen topragynda amatly howa gurşawynyň döremegi üçin tagallasyny gaýgyrmadyk şöhratly pederlerimiz ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýawly saklanmagy ugrunda degişli işleri alyp barypdyrlar.
Olaryň köpüsi dünýä ýüzünde başga ýerde duş gelmeýän görnüşlerdir.Bu bolsa häzirki günlere çenli türkmen tebigatynyň gözellikleriniň saklanmagynda, ähmiýetiniň artmagynda aýratyn möhüm bolupdyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşy tamamlap, paýtagtymyzyň dikuçar meýdançasyna gelip gondy.