21.09.2018 | “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň dowamy

Şu gün Mukamlar köşgünde hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy.

Olara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, ylmyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde giň meşhurlyga eýe bolan işiniň dowamynyň çapdan çykmagy türkmenistanlylara ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ajaýyp sowgat boldy.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda Beýik Ýüpek ýoluna özboluşly taryhy-medeni hadysa hökmünde seredilýär.Awtor eserinde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň — asyrlaryň gymmatlyklarynyň aýawly saklanýan we hormatlanýan ýurdunyň mysalynda gadymy dünýäniň täsinliginiň nähili çuňňur yz galdyrandygyny gürrüň berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji kitabynda gadymy kerwen ýolunyň taryhyny, häzirki döwürdäki we geljekdäki ähmiýetini beýan edip, onda, esasan, halkyň hakydasyna ornan ruhy esaslara daýandy.

Munuň özi okyja Beýik Ýüpek ýolunyň gyzykly taryhyna we onuň hereket eden döwründe halkara söwda giren Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň ykdysadyýetini we medeniýetini ösdürmäge ýetiren täsirine akyl ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz öňki eserinde halkyň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan rowaýatlara, ertekilere, tymsallara salgylanýar.Olar halkymyzyň ruhy-genji hazynasynyň bir bölegini düzýär. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriň ikinji kitabynda döwlet Baştutanymyz anyk taryhy çeşmelerden toplanan takyk maglumatlara, arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerine, täsin suratlara, etnografik gymmatlyklara daýanmak arkaly ýurdumyzyň tutuş adamzadyň ösüşine güýçli täsirini ýetiren Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülmegindäki taryhy ornuna baha berýär.

Milli Liderimiziň täze işinde türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy baradaky pikir ýöretmelere aýratyn orun berilýär. “Kitap ahlak, edep medeniýetinde iň ýokary derejeli kämillik mekdebi bolup, ýaşaýşa aň ýetirişiň dury akabasydyr, irki eýýamlardan başlap, ýaşaýan döwrüňe çenli döredilen ähli pelsepeleriň we beýik taglymatlaryň özenini özüne siňdirendigi sebäpli dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlary öz daşyna jemlemek güýjüne eýedir” diýlip, neşiriň girişinde bellenilýär.Bu sözler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe dillerde neşir edilen ozalky kitaby bilen tanşan adamlaryň müňlerçesiniň kalbynda şol duýgyny beýan edýär.

Awtoryň döredijilik pikiri: “Jeýhundan Hazara çenli”, “Günortadan Demirgazyga tarap ugur” atly bölümleriň içindäki Amul — Merw, Merw — Nusaý, Parfiýadan Girkaniýa çenli”, “Zemm — Gürgenç”, “Hyratdan Merwe ýol”, Köpetdagdan Üstýurda çenli” atly baplary özünde jemleýän bu kitabyň gurluşynda-da öz giň beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň uzaýan çäginiň bu özboluşly syny gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni ýollaryň merkezinde ýerleşen ýurdumyzyň şäherlerini we taryhy ýerlerini birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň “geografiýasyny” özünde jemleýär.Okyjy ata-babalarymyzyň ýaşap geçen döwrüne aralaşyp, Gadymy Amula Jeýhunyň üstündäki beýik geçelgä gyzykly gezelenç edip biler, geçmesi kyn bolan ýerlerde söwda nokatlary, Merwiň töweregindäki galalar barada köp zatlary öwrener.

Eseriň sahypalaryny agdarmak bilen dört müň ýyl mundan öňki döwre, Marguş ýurduna aralaşmak bolar, şol döwürde uzak aralyklara syýahat etmegiň ilkinji synanyşyklary amala aşyrylypdyr hem-de geljekki kerwen ýollary çekilipdir.

Okyjy ady rowaýata öwrülen Daňdanakanyň diwarlarynyň ýanynda bolup, taryhyň barşyny üýtgeden söweşiň bolan ýerini görer, Tejen jülgesinde, Mäne babanyň mukaddes topragynda bolup görer, bu ýerde dünýäde ilkinji şäherler — Altyndepe, Ulugdepe we beýlekiler döräpdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak bugdaýyň mekany Änewiň geçmişi, Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý hakynda, Köpetdagyň we Garagum sährasynyň arasyndan geçen kerwen ýolunyň ugrundaky ýerleriň birnäçesi barada gyzykly gürrüň berýär.

Milli Liderimiz Hindistandan Ýewropa uzalyp gidýän ýoluň ugrunda ýerleşen mukaddesliklere we kerwensaraýlara ünsüňi çekýär, soltanlaryň sähralykdaky kabulhanasy bolan Daýahatyn barada, Darganyň we Gürgenjiň arasyndaky rabatlar we elbetde, Köneürgenjiň golaýynda ýerleşen Horezm şalaryň paýtagty barada belläp geçýär.

Kitapda Murgabyň boýundaky gowak şäherleri, Merwiň golaýyndaky mukaddeslikler, Uzboýuň ugrunda ýerleşen gadymy beketler hem-de türkmenleriň demirgazyk şäherleri — Üstýurduň boýundaky mäkäm gala — Döwkesen galasy barada gürrüň berilýär. “Geçmiş biziň şu günki durmuşymyza görünmezden goşulýar.

Gadymyýetiň beýik medeniýetiniň mirasdüşeri bolan häzirki zaman Türkmenistanda geçmişiň buýsançly gymmatlyklary milli baýlyk hökmünde arzylanýar” diýip, awtor ýazýar.Gürrüň “Şahsyýetler we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy wakalarynyň senenamasy” hem-de “Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly bolan arheologik we etnografik adalgalaryň gysga sözlügi” atly goşundylar bilen jemlenýär.

Kitabyň “Soňlamasynda” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýýär: “Eger-de bir zamanlar üsti harytlardan mas ýüklenen düýeleriň kerweni deňiz deýin çaýkanyp ýatan Garagumuň tyllaýy çägeliklerinden zowwam geçip, ýaşyl ýaýlalar bilen jäheklenen şäherlerde goş ýazdyran bolsalar, indi bu aralyklary ýokary tizlikli awtobanlar hem-de döwrebap polat ýollary arkaly “göz açyp-ýumasy” pursatda sökýäris.

Bularyň ählisi tebigy gözellikleriň ummany bilen utgaşyp, syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişine we şu gününe göz ýetirmäge mümkinçilikleri döredýär”.Döwletleriň onlarçasyny söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran bu taryhy hadysa kitapda diňe türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem, ýurdumyzyň geljegi nukdaýnazaryndan hem seredilýär.

Milli Liderimiziň täze işinde ýygnalan täsin maglumatlar eseriň awtoryna geçmişi we şu güni birleşdirip, geljek hakynda oýlanmaga mümkinçilik döredýär. Ýadygärlikler baradaky maglumatlary özünde jemleýän “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eser öňe sürülýän başlangyçlaryň esaslydygy we delillendirilýändigi bilen tapawutlanýar.

Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň döremegi, kerwen söwdasynyň gözbaşlary, gadymy Gündogaryň siwilizasiýalarynyň medeni gatnaşyklary, bu täsin ýoluň hereket eden döwründe Türkmenistanyň taryhy ýerleriniň ösüşiniň şäher gurluşyk aýratynlyklary, medeniýetleriň özara baglanyşmagy, taryhy ähmiýetli ýoluň gaýtadan dikeldilmegi, şu meseleleri öwrenmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň umumy nusgasyny işläp taýýarlamak ýaly meseleleri gurşap almak bilen ylmy maglumatlary peýdalanýar.

Kitapda arheologiýa, palegeografiýa, gadymy ýaýlalaryň aero-we kosmos kartalaşdyrmasy we beýlekiler getirilýär.Hormatly Prezidentimiziň meşhur işiniň dowamynda milli däpler, arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleri boýunça çuňňur bilimleri öz beýanyny tapýar, okyjy bolsa olary şu kitabyň üsti bilen ilkinji gezek görer.

Kitabyň awtory kem-kemden, sahypalary agtarmak bilen, milli we ruhy gymmatlyklaryň kemala gelmeginde gadymy kerwen ýolunyň ähmiýetini açyp görkezýär.Milli Liderimiziň eserlerine mahsus bolan, halk döredijiligine bolan söýginiň we sarpanyň çuňňurlygyny beýan edýän kitabyň täsirli dili ünsüňi özüne çekýär.

Göýä, Ýüpek ýoly bilen syýahat edip barýan okyjy beýan ediji bilen bilelikde halkymyzyň taryhynyň we medeni däpleriniň sahypalary boýunça öňe ilerleýär.Kitap arheologik we binagärlik ýadygärlikleriniň ajaýyp görnüşleri, şeýle hem birnäçe belli desgalaryň we köp sanly tapyndylaryň suratlary bilen bezelipdir.

Olar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde we welaýat muzeýlerinde saklanýar.Suratlaryň hemmesi Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşen, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan, täsin tebigy baýlyklary, gadymy taryhy we medeniýeti bolan ýurt hakynda gürrüň berýärler. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriň ikinji kitaby ýokary poligrafiýa usulynda çap edilip, okyjylaryň giň topary üçin niýetlenendir.

Ol rus we iňlis dillerine terjime edildi hem-de üç dilde aýry-aýry kitaplar görnüşinde çykaryldy.Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze işi türkmenleriň taryhy ýoluna baha bermäge, olaryň milli-medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary we durmuş gözbaşlary bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan uly goşandyna düýpli akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Dabara gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň aýratynlygyny öwrenmekde milli Liderimiziň ägirt uly ornuny bellediler. Çykyş edenler eseriň maglumatlara baýlygy, çuňňur we aýdyň beýan edilişi bilen tapawutlanýan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ylmy gymmatyny we amaly ähmiýetini bellediler.

Dabara tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar milli Liderimize Ýüzlenme kabul edip, hormatly Prezidentimize alyp barýan köpugurly işleri, şol sanda mähriban halkymyzyň ruhy-ahlak däplerini aýawly saklamak we artdyrmak boýunça işleri üçin, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň abadançylygy hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmegi barada tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Täze kitap bolsa ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde gymmatly nusgalyk bolup hyzmat eder.Mukamlar köşgüniň hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanlarynda sergiler guralyp, olarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary, ylmy işleri, düýpli köp neşirlik işleri aýratyn orun eýeledi.

Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň üstünliklerini we gazananlaryny görkezýän dürli neşirler bilen tanyşdylar.Olar milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeler netijesinde mümkin boldy. Şeýle hem türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti barada gürrüň berýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň dowamy
Sport päsgelçilikleriň hötdesinden gelmek
TUSAŞ-a Hüjüm Guran Terrorçylardan Biriniň Şahsyýeti Anyklandy
Ýewropa Parlamentinde sagçy topar döredilýär
Edep-terbiýe ynsan durmuşynyň bezegidir
Türkmenabatda käbir raýatlar sebäpsiz wagtlaýyn tussag edilýär