21.07.2019 | Saglygy goraýyş ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň halk lukmany ady dakyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň halk lukmany diýen hormatly ady dakmak hakynda Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda döwlet ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.Merdana halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeler ata Watanymyzy ösüşleriň has ýokary belentliklerine çykaryp, öňdebaryjy döwletleriň hatarynda tanadýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär.Bu ulgamyň ylmy we hukuk esaslary yzygiderli pugtalandyrylýar.Sebäbi keselleriň netijeli öňüni almak, bejermek, saglygy goraýyşda gazanylan öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, hemmetaraplaýyn ösýän ýurdumyzda Saglyk Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek we goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak boýunça örän uly işler alnyp barylýar.

Döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, saglyk öýleriniň we derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň giň gerim bilen işe girizilmegi, dünýä lukmançylyk ylmynda hem-de tejribesinde gazanylan iň kämil usullaryň özleşdirilmegi we baýlaşdyrylmagy bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Ata Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamyny depginli ösdürmek, öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykarmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli bu işler bütin dünýäde ykrar edilip, Garaşsyz döwletimiz bu ugurda köp sanly güwänamalara mynasyp boldy.

Gazanylan bu üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly paýy bardyr.Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň şu işgärlerine Türkmenistanyň halk lukmany diýen hormatly ady dakmaly: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Halkara Ene mähri merkezi boýunça orunbasary Anna-Täç Ataýewna Ulugberdiýewa; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň II anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň müdiri Musa Azizowiç Izmaýlowa; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň Kliniki barlaghana bölüminiň müdiri Nina Myradowna Karamyşowa; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň lukmany Ogulnur Öwezowna Derýagulyýewa; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň lukmany Agaberdi Myradowa; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň hirurgiýa toplumynyň Kliniki barlaghana bölüminiň müdiri Galina Iwanowna Mamedowa; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Ylmy guramaçylyk usulyýet bölüminiň müdiri Öwezdurdy Hümmedowa; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň Ortopediýa bölüminiň lukmany Margarita Joraýewna Rahmanowa.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 19-njy iýuly.

Ýene degişli makalalar

Saglygy goraýyş ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň halk lukmany ady dakyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Tramp 132 ýyl öňki wakany gaýtalar
Ýaponiýada Kliniki Hassahanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 19 Adama Ýetdi