Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.Döwlet Baştutanymyz irden Oguzhan köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedde ugrady.
Bu ýerde milli Liderimiziň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy. Şäher häkimi döwlet Baştutanymyzyň 20-nji iýunda Aşgabat şäher häkimligine baran mahaly beren tabşyryklarynyň hem-de paýtagtymyzy ösdürmek, onuň demirgazyk böleginde iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy, şol sanda inženerçilik-tehniki üpjünçiligi bilen bagly beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra häkime Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlikde bolan duşuşykda beýan edilen başlangyçlaryň ähmiýeti barada aýdyp, şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, paýtagtymyzyň döwrebap durmuş düzümini mundan beýläk-de kemala getirmek, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde onuň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin degişli düzümleriň ählisiniň sazlaşykly işiniň zerurdygyny belledi. Şeýle hem Aşgabadyň ekologiýa abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde guruljak täze desgalar häzirki döwrüň talaplaryna we ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir.Olaryň binagärlik keşbinde bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribe hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri sazlaşmalydyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň binasynda Hökümetiň mejlisini geçirdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.Goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda we başlangyjy boýunça Türkmenistan goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen giň möçberli uzak möhletli işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, energetika we ulag ulgamlarynda möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmegini, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň berilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 16 — 17-nji iýunda ýurdumyzyň wekiliýeti Hyrat şäherine bardy.Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça giňişleýin gepleşikler geçirildi. Şeýle hem goňşy ýurda iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça başlangyçlara garaldy. Şunuň bilen birlikde, türkmen-owgan serhedinden Andhoý şäherine çenli goşmaça elektrik geçirijini hem-de Owganystanyň Hamýap we Garkyn diýen ilatly ýerleriniň arasynda elektrik geçiriji ulgamy çekmek boýunça gepleşikler geçirildi.
Mundan başga-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Akina — Andhoý, Turgundy — Hyrat demir ýol taslamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.Gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen baglylykda degişli tekliplere garaldy.
Hyzmatdaşlygyň täze ugry hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan öndürilýän önümleri ýurdumyzdan Owganystana ibermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.Gepleşikleriň netijeleri boýunça Turgundy — Hyrat demir ýolunyň gözleg işlerini geçirmek, taslamalaşdyrmak we gurmak taslamasy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Owganystan Yslam Respublikasynyň çäklerinde demir ýol desgalarynyň gurluşygyna maýa goýumlaryny çekmek babatdaky Ähtnama, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Da Afghanistan Breshna Sherkat döwlet korporasiýasynyň arasynda meýiller hakyndaky Teswirnama, Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygynyň Şertnamasyna gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine giren Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Hyrat welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirendikleri barada habar berildi.
Onuň barşynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen degişli taslamalar boýunça pikir alşyldy.Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Bilelikdäki önümçiligi döretmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama (Super Cola beverages Manufacturing Co.), Bilelikdäki önümçiligi döretmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama (guşçulyk fermasyny gurmak barada) gol çekildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Hyrat welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda owganystanly hyzmatdaşlaryň sebit görnüşinde, hususan-da, Mary welaýaty bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu sebitleriň ýolbaşçylarynyň derejesinde 2019 — 2020-nji ýyllar döwründe özara saparlary guramak barada pikir alşyldy.
Hyrat we Mary welaýatlarynda iki ýurduň halklarynyň medeniýetlerine bagyşlanan çäreleri geçirmek, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem sport ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak, ýokarda agzalan sebitleriň sport toparlarynyň gatnaşmagynda ýaryşlary geçirmek baradaky tekliplere garaldy.
Owganystanyň daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda döwletara ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän taslamalar boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, iri taslamalara syýasy taýdan goldaw bermek, Merkezi Aziýa+Owganystan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gatnaşyklary berkitmek, Aşgabatda parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde puştu dilini okatmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Hyrat we Bathyz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şol sanda ýaşulular bilen duşuşyk geçirildi.
Olar hormatly Prezidentimize mähirli salam aýdyp, milli Liderimize Owganystanda ýaşaýan watandaşlarymyza hemişe goldaw berýändigi, goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürýändigi, döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi barada ýadawsyz tagalla edýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýandygyny nygtady.Biziň ýurtlarymyz şeýle hem daşary syýasy ulgamda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň ugry boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklara uly üns berip, onuň galkynmagynda hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini, goňşy döwletdäki ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini aýtdy. Ýurdumyz dostluk, parahatçylyk söýüjilik we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine berk eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar.
Bitarap Türkmenistan doganlyk owgan halkyna döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda uly kömek berýär.Elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli bahalardan iberilmegi, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim maksatly binalaryň gurulmagy, owgan ýaşlarynyň bilim almagyna ýardam berilmegi, ynsanperwerlik ýükleriň yzygiderli ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly strategik ulgamlarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystandaky syýasy durnuklylygyň, onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň, sebit hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti bolup durýandygyny nygtady. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu gaz geçiriji taslama gatnaşyjy ýurtlaryň we tutuş sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam etmelidir.Bu taslamany ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygynyň döwrebap binýadyny kemala getirmäge anyk goşant diýip atlandyrmak bolar.
Elektrik energetikasy pudagynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.Gurulýan gaz geçirijisiniň ugry boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem çekiljekdigi bellärliklidir. Şolar Aziýa sebitiniň şu böleginde goşulyşmak çäreleriniň güýçlendirilmegine ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystany sebitde giň möçberli ulag-üstaşyr düzümi, şol sanda demir ýol we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň düzümini döretmek taslamalaryna çekmegiň hem möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.
Lazurit (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk maksadalaýyk amala aşyrylýar.Bu taslamalaryň ählisi anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň netijeli hem-de uzak möhletli häsiýete eýedigini tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Bu toparyň esasy wezipesi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan, gatnaşyklaryň täze ýollaryny we geljegi uly ugurlaryny tapmakdan ybaratdyr.Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Biz mundan beýläk hem Owganystana hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek we türkmen-owgan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz ulgamyna döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmengaz döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyny degişli kompýuter tehnikalary we ýörite programma üpjünçiligi bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu enjamlaryň hem-de programmalaryň dürli ugurlarda giňden ulanylýandygy bellenildi.
Hususan-da, olar geologiýa-gözleg hem-de nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gidrodinamiki şekili düzmek işlerini ýerine ýetirmekde ulanylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň ylmy-tehniki kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemmetaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.
Aýratyn hem munuň özi nebitiň hem-de gazyň uly çuňlukda ýerleşýän gorlaryny gözlemek we ýüze çykarmak, degişli ýataklarda uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň netijeliligini artdyrmak ýaly ugurlarda has wajypdyr. Ýene-de bir möhüm ugur nebitgaz işleri amala aşyrylanda, maddy-enjamlaýyn we maliýe çykdajylaryny azaltmak, pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alymlaryň we ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň döwrebap sanly tehnologiýalaryň binýadynda uly tejribesiniň we bilimleriniň birleşdirilmeginiň ýokary ykdysady netije bermäge ukyplydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu tehnologiýalary doly özleşdiren ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselesine-de aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň hem-de eksporta iberilişiniň mukdaryny artdyrmak, elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlarynda halkalaýyn ýokary woltly elektrik geçirijileriniň gurluşygynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy üçin degişli işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gün ýurdumyzyň energiýa pudagynyň has ýokary kuwwatlylyga ýetendigini belledi.Giň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň ägirt uly energetika we ykdysady kuwwaty ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýän daşary ýurtly kompaniýalary we şereketleri özüne çekýär. Ýurdumyzyň elektrik üpjünçiligini ýokarlandyrmak energetika ulgamynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.
Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz welaýatlarynyň arasynda ýokary woltly elektrik geçirijisini çekmek baradaky taslamanyň çäklerinde täze halkalaýyn energiýa ulgamy dörediler.Milli Liderimiz onuň ugrunda beketleriň, paýlaýjy transformator bölümleriniň onlarçasynyň guruljakdygyny, elektrik geçirijileriň ýüzlerçe kilometriniň çekiljekdigini belledi. Şeýlelikde, gerimi boýunça ägirt uly bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzda hereket edýän elektrik üpjünçilik ulgamy doly täzeleniler.
Döwlet Baştutanymyz munuň okgunly ösýän sebitleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesini oňyn çözmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bu taslama boýunça meýilleşdirilen ähli işler üçin göz öňünde tutulan toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, KAMAZ kysymly awtoulaglary, ýörite tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu ugurda şeýle ulaglaryň 2000-e golaýy satyn alnar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr, serişde kuwwatyny durmuşa geçirmek işinde möhüm şertdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli, netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.Türkmen-tatar gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.Onuň esasynda özara gatnaşyklaryň toplanan ygtybarly tejribesi we köpugurly mümkinçilikler bardyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmenistan Tatarystan üçin hemişe strategik hyzmatdaş boldy.Biziň halklarymyzy köp zatlar, şol sanda özara gatnaşyklaryň saldamly tejribesine daýanmak bilen, häzirki wagtda täze hil hem-de many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ruhy-medeni umumylyk, taryhy taýdan kemala gelen doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz ykdysadyýetiniň köpugurly bolmagyna we sanlaşdyrylmagyna tarap ugur almak bilen, geljegi uly meýilnamalary netijeli durmuşa geçirmekde anyk ädimleri ädýändigini belledi.Senagatda hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamynda, şol sanda sebit we halkara derejede iri taslamalary amala aşyrýan ýurdumyz ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy tejribesini hem-de innowasion tehnologiýany ileri tutýar. Şunda daşky gurşawy goramak meselesine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, ulaglaryň, şol sanda awtoulaglaryň howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa talaplaryna kybap gelmegine aýratyn ýokary talaplar bildirilýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Tatarystanyň iri kärhanalary bilen pugta, uzak möhletleýin özara bähbitli gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny nygtap, häzirki wagtda Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda özüni iň oňat häsiýetde görkezen bu meşhur awtoulagyň giňden ulanylýandygyny belledi. 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda KAMAZ söwda we okuw-hyzmat merkezi hereket edýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzda soňky ýyllarda uly işleriň geçirilendigini hem-de KAMAZ awtoulaglarynyň netijeli işledilendigini aýtdy.Russiýanyň bu esasy kompaniýasy dünýäde ýük awtoulaglaryny öndürijileriň arasynda, hakykatdan-da, mynasyp orny eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, degişli Karara gol çekdi hem-de ony sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.
Hormatly Prezidentimiz bu tehnika ýokary hilli tehniki hyzmat etmek we olary netijeli ulanmak boýunça sazlaşykly işi üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksady bilen ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi hem-de hususy ulgamy höweslendirmek, onuň milli ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak boýunça nobatdaky çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Meýilnamada önümçilik kärhanalarynda sanly ulgamy köpçülikleýin ornaşdyrmak, işewürligi ylmy-barlag, oýlap tapyjylyk işine hem-de tehnologik işläp taýýarlamalara çekmek, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak üçin şertleri döretmek, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak boýunça taslamalary goldamak ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.
Oba hojalygynda suwdan rejeli peýdalanmak hem-de suwy tygşytlaýjy enjamlaryň çykarylmagyny guramak meselelerine aýratyn üns berildi.Göz öňünde tutulýan çäreleriň birnäçesi telekeçileriň ulag we logistika ulgamyna goşandyny artdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, hususy kärhanalaryň bellige alynmagynyň, ygtyýarlylandyrylmagynyň, bank karzlarynyň berilmeginiň kämilleşdirilmegi hem-de daşary söwda amallarynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça teklipleri taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçilik ulgamynda sanlaşdyrmak işini has ilerletmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Milli Liderimiz innowasiýalaryň, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň işewürlik, harytlaryň öndürilişiniň artdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny, hyzmatlaryň täze görnüşlerini, şol sanda elektron hyzmatlary döretmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, wise-premýere döwlet düzümleriň we hususy ulgamyň özara gatnaşyklaryny utgaşdyrmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Saglyk —2019 atly halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Däp bolşy ýaly, forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp, 20 — 22-nji iýulda geçiriler.
Sergide dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden meşhur kompaniýalaryň 200-den gowragynyň ýörite enjamlarynyň we degişli önümleriniň nusgalary, derman serişdeleri hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň gazanan üstünlikleri görkeziler.
Maslahatyň işi häzirki zaman lukmançylygy ösdürmegiň dürli ugurlaryna we geljegine bagyşlanan bölümleri boýunça geçiriler.Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan görnükli alymlaryň we professorlaryň, daşary ýurtlaryň ýokary lukmançylyk okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesiniň saglygy goraýyş edaralarynyň we pudaklaýyn ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamalaryň hem-de Ylalaşyklaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bilim ministrliginiň öwrediji kompýuterleri satyn almagy hakyndaky kararyň taslamasy barada hem hasabat berdi.Asylly däbe görä, bu kompýuterler milli Liderimiziň adyndan birinji synp okuwçylara sowgat berler.
Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda ýurdumyz boýunça 153 müň 885 okuwçy birinji synpa okuwa barar. Öwrediji kompýuterleri Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň Agzybirlik tilsimaty bilelikdäki kärhanasynda hem-de Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmensenagat agentliginiň Türkmenmaşyngurluşyk döwlet kärhanasynyň bilelikdäki Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýetinde öndürmek meýilleşdirilýär. Şunda kompýuterleriň tehniki görkezijileri, içki programma üpjünçiligi has-da kämilleşdirilip, ekranyň ölçegi ulaldyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de Saglyk — 2019 atly halkara sergä we ylmy maslahata taýýarlyk görmek meselesine degip geçmek bilen, halkymyz baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam eder. Şol özgertmeler bolsa pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşleri türkmenistanlylar üçin elýeterlidir. Şunuň bilen birlikde, dürli keselleriň öňüni almaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge uly ähmiýet berilýär.Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp geçiriljek halkara forumyň hem-de beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Bu forum şu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli tejribe alyşmaga ýardam etmelidir.Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň öwrediji kompýuterleri satyn almagy hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we şu resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, mekdep partasynda ilkinji gezek oturýan ýaş türkmenistanlylar üçin kompýuterleriň ýurdumyzda öz güýjümiz bilen öndürilmeginiň elektron senagaty ösdürmek, harytlaryň isleg bildirilýän täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirmek ýolunda netijeli ädimdigini belledi.
Munuň özi ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça meýilnamalar, tutuşlygyna alnanda bolsa milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak bilen şertlendirilendir.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň 22-nji iýunynda Balkan welaýatynda badalga aljak Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2020-nji ýylda şeýle çäräni Daşoguz welaýatynda geçirmek hakyndaky resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän Medeniýet hepdeligi Türkmenistanda medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri giňden beýan etmek, döredijilik işgärleriniň hünäriniň ýokarlandyrylmagyna, sungatyň ösdürilmegine we onuň görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam bermek, medeni diplomatiýany ilerletmek hem-de bu ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli mirasy wagyz etmekde, halkara ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde Medeniýet hepdeliginiň aýratyn ähmiýetini belledi hem-de ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin we döredijilik çäreleriniň türkmen sungatynyň köpöwüşginliligini hem-de halkymyzyň baý döredijilik däplerini aýdyňlyk bilen görkezmelidigini we olaryň üstünlikli dowam etdirilmegine hem-de ösdürilmegine ýardam etmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz indiki ýyl Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakyndaky Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we köpçülikleýin medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk özgertmeleriniň we ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin meýdan işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu günler welaýatlarda bugdaýyň ýetişdirilen bol hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnamak, kombaýnlaryň hem-de awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerine bökdençsiz eltmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.
Bugdaý oragy bilen bir hatarda, meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek hem-de aralyk ekinleri ekmek işleri utgaşykly dowam etdirilýär.Döwlete tabşyrylýan bugdaý hasyly üçin kärendeçi-gallaçylar bilen hasaplaşyklar geçirilýär.
Mundan başga-da, gowaça agrotehniki kada laýyklykda ideg etmek, hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragy bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ekerançylaryň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ýokary hilli medeni hyzmat ýola goýulmalydyr.Wise-premýere suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, gowaça ýokary hilli ideg etmek boýunça hem anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda her bir sebitiň mümkinçiliklerini nazara almak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli işleriň işjeň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa sanly wideoaragatnaşyk arkaly milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.Täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary esasynda hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlar düzüminiň öňünde goýan gaýragoýulmasyz wezipeleri nazara alnyp amala aşyrylýar.
Kabul edilýän kanunlary halkara kadalara laýyk getirmek meselesine aýratyn üns berilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.
Kabul edilýän kanunlaryň ählisi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilmelidir. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz deputatlaryň kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp barmalydygyny belledi.
Olar öz okruglarynda durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen sazlaşykly işlemelidirler.Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini dowam edip, oňa gatnaşyjylaryň ünsüni gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesine çekdi.
Döwlet Baştutanymyz 22-nji iýunda açylýan Medeniýet hepdeligi barada durup geçip, hepdeligiň meýilleşdirilen çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi hem-de şolaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde durnukly ösüşi üpjün etmek wezipelerini çözmekde ulag ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak hem-de hususy ulgamy goldamak boýunça çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň ýerli çig maldan öndürýän azyk önümleriniň möçberini artdyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz oba hojalyk toplumynyň möhüm meseleleri barada durup geçip, gowaça göwnejaý ideg etmegiň, agrotehniki çäreleri geçirmegiň, dowam edýän galla oragyny ýokary depginde tamamlamagyň we ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz daşary syýasat meselesine geçip, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi — beýleki döwletler hem-de abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürjekdigini nygtady hem-de bu ugurda bar bolan uly kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän hem-de köp ugurlar boýunça netijeli sebit we sebitara gatnaşyklary höweslendirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Bu gatnaşyklary pugtalandyrmak bolsa tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär.Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.