21.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap S.A.Sargsýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.Milli Liderimiz gutlagynda jenap Serž Sargsýanyň biliminiň, ýokary hünär derejesiniň we baý syýasy tejribesiniň täze jogapkärli wezipede Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz jenap Serž Sargsýana berk jan saglyk we onuň dostlukly ermeni halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde täze üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

“Meniň ädimimi” saýladylar
Azerbajýan DIM-niň başlygy türkmen kärdeşine Garabag meselesindäki goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi
Berdimuhamedowyň Ermenistanyň premýer-ministri saýlanmagy bilen gutlan Sargsýany işden çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
Zarif Ermenistanyň prezidenti bilen duşuşdy
Ermenistanyň prezidenti hökümetiň işinden aýrylmagyny talap etdi