21.03.2020 | Milli Liderimiz ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga berdi

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi.Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, gülläp ösüşi, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere we gymmatlyklara ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy.

Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär.Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hem-de doly derejeli ýaşaýşy hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek wezipelerinden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä derejeli forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir.Bu başlangyçlar halkara bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolup, bilelikdäki ekologiýa taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ähmiýetlidir.

Bu gün dünýä bileleşigi ýurdumyzyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleleriň çözgüdine goşýan önjeýli goşandyny ykrar edýär.Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny goramak we Hazaryň biologik köpdürliligini saklamak hem-de başga birnäçe meseleler bilen baglanyşyklydyr.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary kemala geldi.Ozal boş ýatan baýyrlar amatly howa gurşawyny emele getiren bagy-bossanlyklara bürendi.

Ekilen bag nahallarynyň sany onlarça milliona ýetdi. Şeýle hem ýurdumyzyň çäginde derýalaryň, akabalaryň, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ýerleşýän ýeri bolan Hazar deňziniň kenar ýakalarynda gök zolaklar döredildi. Çöllük ýerleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi.

Aýratyn-da, Merkezi Garagumdaky “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereklerinde tokaý zolaklary döredilýär.Topragyň şorlaşmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak maksady bilen, Aral deňziniň töwereklerinde, Bötendag giňişliginde, Sarygamyş kölüniň kenarlarynda 20 müň gektar meýdany öz içine alýan tokaý zolaklary kemala geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Garagum sährasyna iş saparyny amala aşyran mahalynda çöllük ýerlerde tokaý zolaklaryny döretmegiň, ilkinji nobatda, sazagyň, sözeniň, gandymyň we beýleki gyrymsy agaçlaryň, çägäniň süýşmeginiň öňüni alýan ösümlikleriň ekilýän meýdanyny giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz sähranyň tebigy künjekleriniň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.Munuň özi Garagum sährasynyň biosfera goraghanalarynyň halkara ulgamyna goşulmagyny hem-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini ýardam eder.

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz täsirlere garşy umumydünýä göreşine mynasyp goşantdyr. Şäherleriň we obalaryň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu ýerlerde amatly howa gurşawynyň kemala gelmegine kömek edýär.

Köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi Watanymyzyň bagy-bossanlyga bürelmeginde wajyp ähmiýete eýedir.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän senesi bolan 2020-nji ýylda ýurdumyzda jemi 10 million düýp bag nahallary ekiler.

Hususan-da, paýtagtymyzyň töwereklerinde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, gyrymsy, miweli bag nahallarynyň hem-de üzümiň 5 milliony ekiler.Diýarymyzyň sebitlerinde hem şonça bag nahallary ekiler.

Bu köpçülikleýin çärä ýurdumyzyň ähli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri goşuldy. ...Ir säher bilen Ahal welaýatynyň çägine degişli dag etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän “Nowruz ýaýlasynyň” Türkmeniň ak öýi binasynyň golaýyndaky giňişlige köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar ýygnandylar.

Baharyň ýakymly pursatlarynda Köpetdagyň etegindäki ýaýlanyň gök lybasa beslenmegi bu künjegiň gözelligini artdyrýar.Baglaryň güllemegi uzaga çemeýän hem bolsa, adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary tutuş ýylyň dowamynda ynsan ruhuny göterýär.

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda ýagan ýaz ýagşy meýdan işleriniň rowaç boljakdygyny alamatlandyrýar.Hormatly Prezidentimiziň ulagy köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerinde saklandy.Diýarymyzda asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek çäresi umumymilli ähmiýetli işe dahylly bolmagy maksat edinýän adamlary bir ýere jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni bilen gutlady.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu nurana baýram gadymy döwürlerden bäri durmuş dabarasyny alamatlandyryp, tutuş dünýäde giňden bellenilýär.

Bu baýramyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, oňa raýdaşlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, dünýäniň halklarynyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek güni hökmünde halkara baýramçylyk derejesiniň berilmegi Gündogaryň halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlarynyň şöhratyny artdyrmakda ägirt uly ähmiýetiniň bardygynyň subutnamasydyr. Şu ýyl biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny halkara derejesinde belläris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bitaraplyk derejesiniň esasynda bolsa Nowruz baýramçylygynda bolşy ýaly, parahatçylygy, raýdaşlygy we abadançylygy berkitmek düşünjeleri bardyr.Hut şonuň üçin hem biz Bitaraplygymyza halkymyzyň köpasyrlyk taryhy ýörelgesine, dostluga, bitewülige, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan milli dessur hökmünde aýratyn sarpa goýýarys diýip milli Liderimiz belledi.

Bu ýere ýygnananlary Nowruz güni bilen ýene bir ýola gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.Goý, täze durmuşy alamatlandyrýan gadymy baýram Garaşsyz Watanymyzyň her bir maşgalasyna, her bir raýatyna bagt, şatlyk we bolçulyk eçilsin!

Soňra döwlet Baştutanymyz bag ekmek üçin taýýarlanan ýere bardy.Bu ýerde milli Liderimiz hemişe gök öwüsýän arça nahalyny oturdyp, köpçülikleýin çäräniň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, agzybirlik bilen bag nahallaryny ekdiler.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleri türkmen topragynyň gözelligini artdyrýan asylly çärä işjeň gatnaşdylar.Biziň halkymyz asyrlaryň dowamynda daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşapdyr.Dünýäniň gadymy medeniýetleriniň esasy ojagy hasaplanylýan Türkmenistanyň tebigy şertleri, has takygy, dag çeşmeleri, amatly howa gurşawy bu ýerleriniň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagynda wajyp orun eýeläpdir.

Geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, biziň ýurdumyzyň çäklerinde gadymy döwürlerde gülläp ösen ýaýlalaryň bolandygy, paýhasly pederlerimiziň ekerançylyk bilen meşgullanandygy, miweli bag nahallary ösdürip ýetişdirendigi baradaky maglumatlar ýüze çykaryldy.

Bu gün ýurdumyzyň ekologiýa amatlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresine hemmeler bir adam ýaly bolup gatnaşýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.Munuň özi milli ýörelgeleriň döwrebap derejede ösdürilýändigini görkezýär. Çünki türkmen ilinde bag ekmek işi bilen meşgullanýan adamlara aýratyn gadyr goýulýar.

Halkymyz ösdürilip ýetişdirilýän bag nahallaryna guwanyp, ony eken adamlar ýagşylykda ýatlanýar.Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda her ýylda bag nahallarynyň tohumlary taýýarlanylýar hem-de olara 3-4 ýylyň dowamynda ideg edilip, köpçülikleýin ekmek üçin ugradylýar. Şolaryň hatarynda saýaly, gyrymsy, miweli hem-de bezeg bag nahallary bar.

Bag nahallary 3-4 ýylyň dowamynda durnukly ösmek häsiýetine eýe bolýar. Şeýlelikde, bag nahallarynyň ekiljek ýerleri irgözinden agrotehniki kadalara laýyk derejede taýýarlanylýar.Ykdysady taýdan netijeli suwaryş tehnologiýalarynyň, şol sanda damjalaýyn usulyň ulanylmagy Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine doly gabat gelýär hem-de suwuň aýawly netijeli peýdalanylmagyny kömek edýär.

Bu çäreleriň talabalaýyk amala aşyrylmagy bilen, bag nahallary tomusda hem sazlaşykly ösüp, tokaý zolaklarynyň durnukly häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygy, iň esasy bolsa adamlaryň saglygy üçin amatly şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, her sebitiň toprak-howa şertleriniň aýratynlygyna gabat gelýän bag nahallarynyň seçilip alynmagy munuň netijeli häsiýete eýe bolmagynda möhüm ähmiýete eýedir.Alymlaryň we bu ugra degişli hünärmenleriň tekliplerine laýyklykda, saýaly bag nahallarynyň awtomobil ýollarynyň gyralaryna, şäherleriň we obalaryň töwereklerine, aýratyn-da, dynç alynýan ýerlere ekilmegi döredilýän tokaý zolaklarynyň howa ýaramaz täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almakda we tozanly ýelleriň täsirlerini peseltmekde ähmiýetlidir. Şeýlelikde, saýaly baglar daşky gurşawyň howasyny 6-7 esse köp arassalamaga, adamlaryň saglygyna oňyn täsir etmäge ukyplydyr.

Miweli baglar barada aýdylanda bolsa, olar islendik künjege gaýtalanmajak gözellik eçilýär.Aýratyn-da, miweli baglaryň gülleýän pursady has-da özüne çekiji bolýar. Şolaryň miweleriniň ýokumy we ynsan saglygyna täsiri bolsa miweli baglaryň özboluşly aýratynlygydyr.

Bu künjekde ýagny, Nowruz ýaýlasynda geçen ýyllaryň dowamynda müňlerçe saýaly we miweli bag nahallary ekildi. Ýakyn wagtda bu ýaýlalary ajaýyp tokaý zolaklarynyň, miweli baglaryň gurşap aljakdygy has-da guwandyrýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki giňişlikde ýaýbaňlandyrylan asylly çäräniň gerimi hem-de ähmiýeti barada aýdyp, işleriň tutuş ýurdumyz boýunça köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy babatda degişli ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi we bu ýerden ugrady.

Baharyň ajaýyp pursadynda Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda agzybirlikli zähmet joşguny döredi.Müňlerçe adamlar uly ruhubelentlik bilen bu asylly çäre goşuldylar. Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça 1 million 604 müň 200 düýp bag nahallary ekildi.

Geçen 2019-njy ýyla garanyňda, bu 45 göterim köpdür ýa-da 721 müň 890 düýp bag nahaly köp ekildi.Bu günki ekilen bag nahallary Watanymyzyň baý tebigatyna goşant bolar. Şunuň bilen birlikde, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işlerine hem uly ähmiýet berildi.

Munuň özi ýaş bag nahallarynyň sazlaşykly ösmeginde we güýç toplamagynda wajypdyr. Ýurdumyzda ekologiýa medeniýetiniň derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy tokaý zolaklarynyň döredilmegine döwlet derejesinde uly üns we goldaw berilýändiginiň aýdyň netijesidir.

Her ýylda Watanymyzy gülläp ösýän ülkä öwürmek baradaky halkymyzyň nurana arzuwyny amala aşyrmak bilen, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň täze tapgyryna badalga berilýär. Şu gün Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän köpçülikleýin çärä giň gerim berildi. Ýurdumyzyň ähli künjekleriniň çäklerinde tokaý zolaklarynyň meýdany artýar.

Agaçlaryň sany bolsa onlarça milliona barabardyr.

Ýene degişli makalalar

Şu gün Türkmenistanda 25 million düýp bag ekilýär
Ekologiýa howpsuzlygy derwaýys mesele
Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aral etegi bilen serhetleşýän Bötendag alaňynda wajyp ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär
Aralýaka sebitde hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Goraghana goragy