Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.Mary şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Ýola goýlan asylly däbe görä, milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.
Hormatly ýaşulular duz-çörek hödür edýärler.Din wekilleri eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygy barada doga-dileg edýärler.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, ýaşulular bilen gürrüňdeş boldy, olaryň gündelik aladalary, isleg-arzuwlary bilen gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň maksatlaryna we wezipelerine aýratyn üns berdi.Milli Liderimiz 23-nji fewralda ençeme möhüm çäreleriň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat — Turgundy täze demir ýoluny açmak mynasybetli dabaralaryň geçiriljekdigini belläp, ýaşululary öňde boljak taryhy wakalar bilen gutlady.
Bu wakalar eziz Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar.Bularyň hemmesi halkara syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup, Merkezi Aziýanyň üstünlikli ösmegine ýardam edýär, hoşniýetli goňşuçylyk, özara we köptaraplaýyn bähbitlilik ýörelgelerinde goşulyşmak işleriniň möhüm şerti bolup hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de häzirki wakalaryň gadymy türkmen topragynda Mary welaýatynda bolup geçýändiginiň özboluşly mana eýedigini belledi.
Bu ýerden, orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi, taryhda meşhur bolan Maru-Şahu Jahan şäheriniň üstünden onuň esasy ugurlary geçipdir.Biz ony häzir täze hilde gaýtadan dikeldýäris.Biziň gazananlarymyz mähriban halkymyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşululara jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, aýratyn-da, ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işine goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýaşulular Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza berk jan saglygyny arzuw edip, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Şeýle hem bu ýerde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp çykyşlary üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, howa menzilinden awtoulagda Ruhyýet köşgüne tarap ugrady.Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem käbir welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýewe söz berdi.
Wise-premýer “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň Mary şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen 25-nji mejlisiniň gün tertibi hakynda hasabat berdi.
Taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hem-de Aziýa ösüş bankynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek mejlisde hyzmatdaşlygyň tehniki, hukuk we maliýe ugurlary bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu gaz geçiriji häzirki zaman gaz-ulag düzüminiň möhüm bölegi bolar, Türkmenistan bu düzümleri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň barha artýan isleglerini, şeýle hem dünýä bazarynda energiýa serişdelerine islegleri hasaba almak bilen döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny okgunly ösdürmek wezipelerine ünsi çekdi.
Bu meseleleriň oňyn çözülmegi ýurdumyzyň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň möçberleriniň artdyrylmagyna, netijede, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatynyň önümçilik düzümleriniň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, şol sanda häzirki zaman gazhimiýa kärhanalaryny gurmagyň hasabyna ösdürmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şol sanda elektroenergetika pudagyny ösdürmek bilen bagly görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bu ulgamda diňe sazlaşykly ösýän ykdysadyýetiniň isleglerini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde elektroenergiýany eksport edýän esasy döwletleriň biri bolmak mümkinçiligine eýedir.
Pudakda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär, önümçilik we durmuş ulgamlaryny ösdürmegiň mäkäm binýady döredilýär.Döwletimiziň goldaw bermegi bilen, giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.Elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär, elektrik toguny paýlaýjy kömekçi stansiýalar gurulýar, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär.
Milli Liderimiz Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan energetika hyzmatdaşlygy baradaky meselelere ünsi çekip, energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ileri tutulýan strategik ugur bolup durýandygyny belledi.Häzirki wagtda energiýa çeşmelerine we olary ibermegiň serişdelerine deňhukukly, bökdençsiz we kepillendirilen elýeterliligiň meseleleriniň ählumumy gerime eýe bolandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek barada ýurdumyzyň netijeli başlangyçlarynyň şol maksady gazanmaga gönükdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň taryhy ýyl ýazgysyna girjek, öňde boljak çäreleriň aýratyn ähmiýeti barada aýdyp, olary degişli derejede geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda ýurdumyzyň telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmekde ulag we aragatnaşyk pudagynyň möhümdigini belläp, täze demir ýollarynyň gurluşygyna hem-de bar bolan polat ýollaryň durkuny täzelemek işlerine ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz aragatnaşygyň döwrebap görnüşlerini ösdürmek meseleleriniň ykdysadyýetimiz üçin, şeýle hem ýurdumyzyň ilaty üçin ähmiýetiniň uludygyny belläp, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we döwrebap enjamlaryň esasynda bu ulgamy ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigini belläp, bu ýurtlar bilen bizi diňe bir çuňňur taryhy kökler, medeniýetiň we däp-dessurlaryň umumylygy däl-de, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklar birleşdirýär diýip, wise-premýere dabaranyň geçirilmeginiň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek, ýaşlar syýasatynyň wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere akyl-paýhas, beden, ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek, ýokary depginde diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine ylmyň iş ýüzünde goşant goşmagyny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berip, durmuş ulgamyna degişli pudaklaryň ösdürilmeginiň adam mümkinçiligini artdyrmagyň hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy guraly bolup durýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz şeýle hem energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklap, degişli ýolbaşçylara onuň ylmy esasda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary ýurtlara ugradylýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagynyň mümkinçiliklerini hem-de milli ösüş maksatnamalarynyň möhüm wezipelerini çözmäge goşandyny artdyrmak boýunça degişli edaralaryň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere söwda we telekeçilik işlerini kämilleşdirmek, işewürligi işjeňleşdirmek hem-de ýurdumyzyň bäsleşige ukyply senagat toplumyny kemala getirmekde hususy başlangyçlary höweslendirmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak barada görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk toplumynyň dürli ugurlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de pudak edaralarynyň Mary we Lebap welaýatlarynda geçiriljek çärelere taýýarlygy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan obasenagat toplumynyň düýpli özgerdilmeginiň möhüm ýagdaý hökmünde ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna has uly üns bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze sepgide çykarmakdan ybaratdyr.Bugdaýa ideg etmäge hem-de geçiriljek ýazky meýdan işlerine, şol sanda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine, şeýle hem köpçülikleýin bag ekmek çärelerine taýýarlyk görmek babatda wise-premýere anyk görkezmeler berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk, şeýle hem mart aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda ýurdumyzda geçirilýän ynsanperwer çäreler aýratyn many-mazmun bilen baýlaşyp, olar türkmen halkynyň geçen taryhy ýolunyň, onuň baý ruhy we maddy mirasynyň ähmiýetini açyp görkezýär.
Halkara zenanlar gününe, Milli bahar baýramyna hem-de beýleki şanly senelere bagyşlanan baý mazmunly medeni maksatnama meýilleşdirildi.Olara bagyşlanyp maslahatlar, konsertler, teatrlaşdyrylan çykyşlar, duşuşyklar, şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri, bäsleşikler we beýlekiler geçiriler.
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, 21 — 22-nji martda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda we “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda baýramçylyk konsertini we toý-dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeni ulgamdaky syýasatyň ýurdumyzy durnukly ösdürmek strategiýasynyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ilatyň milli gymmatlyklara giňden goşulyşmagynyň, şahsyýetiň ruhy we ahlak taýdan ösmeginiň, durmuş we ykdysady özgertmelerde medeniýetiň ornuny güýçlendirmegiň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmek baradaky meselelere degip geçip, olar parahatçylygy, ylalaşygy, gözelligi alamatlandyrýan şol röwşen baýramçylyklaryň ruhuna kybap gelmelidir diýip belledi.
Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda milli däplerimize laýyklykda, köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi zerur bolup, olar halkymyzy täze ajaýyp işlere we beýik özgertmelere ruhlandyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna gözegçilik etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygynyň yzygiderli ösüşini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynda maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi.
Wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamynyň işini özgertmek boýunça görülýän çäreleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň senagatynyň maddy-tehniki binýadyny hem-de önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagatynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň, onuň ähli bäsdeşlik artykmaçlyklarynyň daşarky we içerki bazarlarda peýdalanmagynyň döwletimiziň ykdysady syýasatynyň baş wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Şu maksatlar bilen döwletimiz senagat pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, kärhanalaryň täzeden enjamlaşdyrylmagyna önümçilik kuwwatlyklarynyň giňeldilmegi üçin ulgamlaýyn uzak möhletleýin höweslendiriş binýadynyň döredilmegine hem-de ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň täze ugurlarynyň özleşdirilmegine iri maýa goýumlaryny gönükdirýär.
Milli Liderimiz täze tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň tebigy we mineral çig-mal serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň, bu ulgamda dünýä makroykdysady meýillerini öwrenmegiň binýadynda ösdürilýän önümçilikleri diwersifikasiýalaşdyrmak çäreleriniň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, strategik taýdan ähmiýetli senagat desgalarynyň gurluşygyň hilini we bellenilen möhletlerini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy maksatlaryny we wezipelerini nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri barada habar berdi.Mart aýynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek, saýlaw möwsüminiň açyklygyny üpjün etmek boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär.
Deputatlar täze kanunçylyk namalarynyň düzgünlerini düşündirýärler. Şu ýylyň aprelinde Halk Maslahatynyň birinji guramaçylyk mejlisini geçirmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, hereket edýän milli kanunlara ornaşdyrmak maksady bilen, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň we düýpli seljermegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak saýlawlara ýokary derejede taýýarlyk görmek barada durup geçmek bilen, bu jemgyýetçilik-syýasy möwsüm bilen bagly bolan ähli meseleleri düýpli işlemegiň möhümdigini aýtdy.Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annaberdiýew welaýatyň çäginde tutuş sebit üçin taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalaryň geçirilmegine görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň özara peýdaly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz häkime meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin hemme zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Lebap welaýatynyň häkimi B.Atahallyýew welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler, şeýle hem meýilleşdirilen dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Giň möçberli çäreleriň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylyň taryhy senenamasyna girjekdigini nygtap, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýolbaşçysyndan olaryň guramaçylygyna örän jogapkärli çemeleşmegi talap etdi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.Ol Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ýörelgesiniň maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilişi babatda DIM-niň alyp barýan işleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn günlerde geçirilmegi meýilleşdirilen halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň umumy bähbitlere kybap gelýän giň netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, özüniň parahatçylyk ugurly we döredijilik kuwwatyny bütin adamzadyň hyzmatyna goýmaga taýýardygyny iş ýüzünde görkezýändigini nygtady.
Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iri möçberli düzümleýin taslamalar hem şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.Bu taslama möhüm ykdysady we durmuş wezipelerini goşmak bilen özüniň gönüden-göni ähmiýetinden başga-da, sebit we dünýä möçberinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de ýurdumyzyň dürli pudaklarda netijeli halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlaryny öňe ilerletmek we durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Göçme mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de şygary “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.