2030-njy ýyla çenli Nissan-yň Ýewropadaky satuwynyň 80%-i elektromobilleriň we gibridleriň paýyna düşer

2030-njy ýyla çenli Nissan-yň Ýewropadaky satuwynyň 80%-i elektromobilleriň we gibridleriň paýyna düşer

Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi elektrokarlaryň önümçiligine maýa goýumlaryny 30% artdyrmagy maksat edinýär diýip, “Nikkei Asia” neşiri ýazýar. Muny incrussia.ru ýetirýär. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli satuwynyň ýarysyndan gowragynyň elektrik ýa-da gibrid hereketlendirijili awtomobilleriň paýyna düşmegini isleýär.

Täze maýa goýumlary batareýalaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga, şeýle-de täze ulag modellerini işläp taýýarlamaga gönükdiriler. Nissan 2026-njy ýyla çenli ýene 10 modeli çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa Renault we Mitsubishi Motors bilen hyzmatdaşlykda elektrokarlar üçin batareýalary satyn almagyň hasabyna bahalary pese düşürmegiň üstünde işlär. Häzirki wagtda batareýalar awtomobilleriň bahasynyň, takmynan, 30-40%-ini emele getirýär.

Nissan-yň Beýik Britaniýada ýerleşýän ýeke-täk ýewropa zawody elektrokarlary we gibrid awtomobilleri döretmek üçin gaýtadan enjamlaşdyrylar. Şeýle-de, kompaniýa awtomobilleriň elektrikleşdirilmegini çaltlaşdyrmak üçin maýa goýar. Soňky 10 ýylda Nissan bu pudaga, takmynan, 26 mlrd dollar maýa goýdy.

Nissan-yň meýilnamalary boýunça, onýyllygyň ahyryna çenli Hytaýda satylýan ulaglaryň 50%-i, Ýewropada 80%-i elektrik ýa-da gibrid bolar. 2019-njy ýylda awtomobilleriň global satuwynyň, takmynan, 10%-i elektromobilleriň paýyna düşdi, şol bir wagtyň özünde Hytaýda bu görkeziji 2%, Ýewropada 10% boldy.

Häzirki wagtda Hytaý Nissan üçin iň uly bazardyr: 2020-nji ýylda kompaniýa ýurtda 1,45 mln awtomobil satdy, Ýewropada degişli döwürde 390 müň awtomobil satyldy. Bu bazarlaryň ikisi-de ýaponiýaly awtoöndürijiniň dünýädäki satuwynyň ýarysyny emele getirdi.

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Pariž awtoulag sergisi başlady
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Mersedes-Benz Rus Bazaryndan Çekilýär
Iň geçginli elektroulag
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary