2025-nji ýylyň reňki saýlandy

Pantone amerikan kompaniýasy çärýek asyrdan gowrak wagt bäri ýylyň reňkini saýlamak däbini dowam etdirip gelýär.Pantone tarapyndan geljek ýylyň reňki ewokatiw ýumşak goňur diýlip atlandyrylýan PANTONE 17-1230 Mocha Mousse saýlandy.

Kompaniýanyň hünärmenleri bu reňke duýgur we rahatlandyryjy ýylylyk beriji goňur reňk diýip baha berýärler.Kakao, şokolad we kofeniň ýakymly duýgusyny berýän bu reňk adamy rahatlandyrýar.Pantone reňk instituty her ýylyň dekabr aýynda indiki ýyl üçin haýsydyr bir reňki saýlaýar.

Bu ýyl 26-njy gezek geljek ýylyň reňkini mälim eden Pantone kompaniýasynyň hünärmenleri ýumşak goňur reňkiň moda äleminde, dizaýn işlerinde, pop medeniýetinde we adam psihologiýasynda uly orun eýelejekdigini belleýärler.

Ilkinji gezek 1999-njy ýylda ýylyň reňki saýlanyp, Sky Blue şol ýylyň reňki bolupdy. Üstümizdäki ýylyň reňki Pantone 13-1023 Peach Fuzz bolup, ýyly mämişi öwüşginde şöhlelendirdi. /* custom css */ .td_uid_15_675980fd9bb7d_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_675980fd9bb7d_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

“Buz eýýamy 6” animasiýasynyň görkeziljek wagty mälim edildi
Kim, haçan oýlap tapdy?
MTV Ýewropada 4 baýrak aldy
Sony plastik çüýşelerden ýasalan simsiz gulaklyk bilen tanyşdyrdy
Xiaomi sesi diňleýjiniň äňinden eşitdirýän gulaklyk öndürdi
Kosmosdan internet üpjün eder