
Dünýäniň birnäçe böleklerinde 2024-nji ýylyň iýunyna çenli rekord derejede yssy howa garaşyp bolar, munuň sebäbi El-Nino hadysasydyr diýlip, Scientific Reports neşirinde çap edilen ylmy-barlaga salgylanýan News.ru habar berýär. Žurnalyň maglumatlaryna görä, El-Nino wagtynda Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde howa goşulýan maýyl akym ýerde ortaça ählumumy ýyllyk temperaturanyň ýokarlanmagyna getirýär.
Netijede, hünärmenler eger El-Ninonyň täsiri pes bolan ýagdaýynda rekord derejedäki yssy howanyň Bengal aýlagynda we Filippinlerde dörejekdigini çaklaýarlar. Eger El-Nino güýçli bolan ýagdaýynda Karib deňzinde, Günorta-Hytaý deňzinde, şeýle-de Amazonkanyň we Alýaskanyň etraplarynda yssy howa bolar.
Alymlar netijede sebitleriň çakdanaşa yssy howanyň netijelerini ýeňmek babatda häzirki mümkinçilikleriniň howp astynda galjakdygyny belleýärler.