Umman we howa ylmy-barlaglar boýunça Milli edaranyň maglumatlaryna (NOAA) laýyklykda, 2024-nji ýylyň oktýabry taryhdaky iň yssy aýlaryň sanawynda ikinji orny eýeledi. Howanyň ortaça temperaturasy Selsiý boýunça 15,32 gradusa deň hem-de 2023-nji ýylyň oktýabryndakydan bary-ýogy 0,05 gradus pes boldy.
Rekord derejede ýokary temperatura görkezijileri oktýabr aýynda Ýer togalagynyň çäginiň, Grenlandiýany, Merkezi we Günorta Afrikany, Merkezi Aziýanyň käbir etraplaryny hem-de gündogar Antarktidany hasaba almazdan, 12 göteriminde bellige alyndy.
Alymlar üstümizdäki ýylyň taryhda 2023-nji ýyldan hem maýyl boljakdygyny çaklaýarlar. Ýanwar-oktýabr aýlarynda Ýeriň üstünde howanyň derejesi ХХ asyryň ortaça görkezijisinden 1,28 göterim artdy.
Hünärmenler şeýle-de bu aýda deňiz buzluklarynyň 1991-2002-nji ýyldakylardan rekord derejede, ýagny 3,2 mln km2 az bolandygyny belleýärler. Bu bolsa, öz gezeginde pingwinlere, düwlenlere we beýleki antarktida jandarlaryna howp salýar, deňziň derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.
Bu barada MIR 24 ýazýar.