2024-nji ýylyň martynda boljak magnit hadysalarynyň seneleri mälim edildi

2024-nji ýylyň martynda boljak magnit hadysalarynyň seneleri mälim edildi

Mart aýynda bize pes hem ýokary derejedäki dürli täsirli magnit hadysalarynyň kaleýdoskopy garaşýar. Bu adamlaryň özüni duýşuna hem-de enjamlaryň işleýşine täsir edip biler diýip, Mail.ru ýazýar.

3-4-nji martda: Saglyk ýagdaýy ýaramaz adamlara azda-kände täsir edip biljek gowşak täsirli hadysa. Munda ýadawlyk we işdäň bolmazlygy mümkindir.

9-10-njy martda: Aýyň dowamyndaky iň güýçli magnit hadysasy bolar. Özüňizi onuň täsirinden goraň: iş ýüküňizi azaldyň, köpräk suw içiň we köpçülik ýerlerinden çeträkde boluň.

15-16-njy martda: orta derejeli hadysa. Özüňizi duýşuňyza ünsli boluň, zerur bolan dermanlaryňyzy ýanyňyzda saklaň.

21-22-nji martda: ýene-de gowşak täsirli hadysa. Ukusyzlyk we ysgynsyzlyk bilen bagly kynçylyklary ýüze çykaryp biler.

27-28-nji martda: orta derejeli magnit hadysasy. Kellagyrydan, gan basyşynyň pese düşmeginden we özüňizi ýaramaz duýmakdan seresap boluň.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
Ajaýyp asyryň ýyldyzy türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy
GAR-da gülgün reňkli pili surata düşürdiler
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar