Halkara Pul Gaznasynyň soňky sebitleýin ykdysady çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň harytlar we hyzmatlar eksportynyň 15,1 milliard dollara ýetmegine garaşylýar. Bu barada Trend HPG-niň soňky sebitleýin ykdysady çaklamasyna salgylanyp habar berdi.
Habarda bellenişine görä, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksporty, takmynan, 15,1 milliard amerikan dollara, importy bolsa 9,9 milliard amerikan dollara deň bolar. Ýurduň daşary söwda dolanyşygy 25 milliard amerikan dollaryna ýeter.
Mundan başga-da, çeşmede 2023-nji ýylda Türkmenistanyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň eksportynyň 15,6 milliard dollara deň boljakdygy çaklanylýar. Şulary göz öňünde tutsak, soňky birnäçe ýylda Türkmenistanyň eksportynyň tas iki essä golaý artandygyny görmek bolýar. Deňeşdirmek üçin, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň eksporty 7,9 milliard dollara deň bolupdy.
Halkara Pul Gaznasynyň BMG-nyň ýöriteleşdirilen edarasy we dünýäniň iň uly maliýe guramasydygyny bellemelidiris.