2024-nji ýylda Türkmenistanda Gorkut ata kinofestiwaly geçiriler

2024-nji ýylda Türkmenistanda Gorkut ata kinofestiwaly geçiriler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy boldy.

Halkara kinofestiwalyň jemleýji gününiň çäreleriniň çäklerinde onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy-da geçirildi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaraly çäräniň barşynda şeýle-de gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýyl üçin Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, geljek ýyl Türkmenistanda Gorkut ata kinofestiwalynyň geçiriljekdigi barada aýdyldy. Şu mynasybetli sahna Türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana berlen hem-de Gorkut ata kinofestiwalynyň nyşany bolan Durna heýkeljigi çykaryldy.

Ol indiki ýyl ýeňşe mynasyp bolana gowşurylar.

Halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Gazagystan Gorkut ata halkara kinofestiwalynyň estafetasyny kabul edýär
Aşgabatda Gorkut ata atly halkara kinofestiwal geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkiýä sapar bilen barar, Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty Änew şäherine berildi, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berdi we beýleki habarlar
Türkmen sungat işgärleri halkara baýraga mynasyp boldy
Gorkut ata halkara kinofestiwaly 2024-nji ýylda Änew şäherinde geçiriler