2024-nji ýylda dünýäde mahabata sarp edilýän çykdajylar taryhda ilkinji gezek 1 trillion dollardan geçer. Bu 2023-nji ýyldakydan 9,5 göterim ýokarydyr. Bu barada Beýik Britaniýanyň WPP mahabat konsernine degişli bolan GroupM agentligi çaklaýar diýip, Interfax.ru ýazýar.
Bu görkezilen maliýe serişdeleriniň agramly bölegini Google, ByteDance Ltd., Amazon.com Inc. we Alibaba ýaly iri kompaniýalar gazanarlar.
GroupM agentligi 2025-nji ýylda mahabat bazarynyň ýene 7,7 göterim, ýagny 1,1 trln dollara çenli artjakdygyny çaklaýar. Ösüşiň esasy bölegi ýene-de ABŞ-nyň tehnologiýalar pudagyndaky sanly mahabatlaryň satyjylaryna degişli bolar. 2025-nji ýylyň aýagyna çenli sanly mahabata jemi mahabat çykdajylarynyň takmynan 73 göterimi degişli bolar.
Onuň ösüşi 2024-nji ýylda 12,4 we 2025-nji ýylda 10 göterim artar.
Teleýaýlym mahabaty iň täsirli iş görnüşleriniň biri bolmagynda galar, onuň ösüşi 2024-2029-njy ýyllarda 2,4 göterime deň bolup, umumy mahabat bazary bolsa 6,4 göterim ösüş görkezer. 2024-nji ýylda Hytaýda mahabata çykdajylar 13,5 göterim, ýagny 204,5 mlrd dollara çenli ösüş görkezer. 2025-nji ýylda bu görkeziji 10,3 göterime deň bolar. Ýewropada iň iri bolan Beýik Britaniýanyň mahabat bazary bu ýyl 8,3 göterim (53,2 mlrd dollar) we 2025-nji ýylda 7 göterim ösüş gazanar diýip, GroupM çaklaýar.