11-nji ýanwarda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň terminalyna Bakuwdan ýük daşaýan Türkmenistan atly gury ýük gämisi gelip durdy. Onuň yzysüre bolsa konteýnerler ýüklenilen Magtymguly atly gury ýük gämisi porta geldi. Neýtralnyý Turkmenistan gazetiniň habar bermegine görä, bular 2024-nji ýyldaky ilkinji gury ýük gämi gantawlarydyr.
Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda gury ýük gämileri Türkmenistanyň deňiz ýük daşaýjysy bolan Deňiz söwda floty ÝGPJ-niň önümçilik meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine önjewýli goşan goşupdylar.
Maglumat üçin, häzirki bar bolan ugurlar Türkmenbaşyny Astrahan, Aktau, Mahaçkala, Baku, Ýenizeli, Nauşehr, Bender-Türkmen portlary bilen birleşdirýär.
Mundan ozal, Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ÝGPJ-niň gämileriniň 2023-nji ýylda 2 million tonnadan gowrak ýükleri daşandygyny habar beripdik.