2024-nji ýylda — 366 gün bar: bu artykmaç gün nireden peýda bolýar

2024-nji ýylda — 366 gün bar: bu artykmaç gün nireden peýda bolýar

Mälim bolşy ýaly, her dört ýyldan bir gezek senenamanyň bir güni — 29-njy fewral artykmaç gelýär. Bosagadaky 2024-nji ýyl hem şeýle ýyldyr.

Köp günli ýyllar nireden peýda bolduka?

Ýer 365 gün 5 sagat 46 minut 48 sekuntda Günüň daşyndan doly öwrülişik edýär. Adaty ýyllarda günleriň sany 365 bolýar. Şeýle-de bolsa, senenama ýyly astronomiýa ýylyndan 0,2422 gün yza galýar. Eger günleriň sanyny artykmaç güni hasaplamazdan ýyllaryň dowamynda yzygiderli şol bir tertipde bölen bolsalar, senenamamyz wagtyň geçmegi bilen möwsümleýin hadysalara görä kem-kemden üýtgärdi.

Näme üçin hut dört ýyldan bir gezek?

Sebäbi senenamada artýan şol wagt bir günüň dowamyna laýyk gelýär (6 [sagat] * 4 [ýyl] = 24).

Bir güni köp ýyllar barada gyzykly faktlar:

- Şunuň bilen bagly Ýewropada bir özboluşly däp bar, oňa laýyklykda, her dört ýyldan bir gezek gelýän 29-njy fewral gününde zenanlar erkeklere söz aýdyp bilýärler;

- Fransiýanyň satiriki La Bougie du Sapeur gazeti ilkinji gezek 1980-nji ýylyň 29-njy fewralynda neşir edildi we şondan soň diňe şeýle artykmaç günli ýyllarda çap edildi. Gazetde neşir edilýän krosswordlaryň dogry jogaplaryny dört ýyldan bir gezek indiki sanynda tapyp bolýandygy täsindir. “La Bougie du Sapeur” gazetine ýazylmak tutuş bir asyr üçin 100 funt sterlinge barabar;

- 29-njy fewralda doglan adamlar özleriniň hakyky doglan gününi dört ýyldan bir gezek belläp bilýärler. Ýöne özüni dünýäniň artykmaç günli ýylynyň paýtagty diýip yglan eden Tehas ştatynyň Entoni şäherinde 29-njy fewralda doglan adamlaryň hormatyna her ýylda festiwal guralyp, uly baýramçylyk bellenilip geçilýär.

Bir güni köp ýyllar bilen baglanyşykly köp sanly yrymlardyr gorkular hem bar. Käbir adamlar betbagtçylyklaryň we heläkçilikleriň edil şu ýyllarda has ýygy bolýandygyna ynanýarlar. Aslynda bolsa beýle-de däl, bu ýylda ähli zat adaty ýyllardaky äheňinde gelýär. Ol beýleki ýyllardan özbaşyna tapawutlanmaýar.

Gelýän her ýylyň bir güni köp ýyl ýa-da adaty ýyldygyna garamazdan, adamzat jemgyýeti biek-birege ýagşylyk etse, dostlugy, agzybirligi goldasa, biziň her ýylymyz hem bagtly ýyla öwrüler. Ol köp babatda özümize bagly.

Peýdalanylan çeşmeler: rbc.ru; facts.museum

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

11-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy
Meksikada Bolan Uçar Heläkçiliginde 4 Adam Ýogaldy
ABŞ-da 90 ýaşly zenan uniwersitetde magistr derejesini aldy
El maşklaryny etmek dyzyňa peýdaly
Energiýa kompaniýasy iri ylalaşyga gol çekdi