2024-nji ýyl üçin Buker baýragyna britaniýaly ýazyjy zenan mynasyp boldy

2024-nji ýyl üçin Buker baýragyna britaniýaly ýazyjy zenan mynasyp boldy

Beýik Britaniýada ýaşaýan ýazyjy zenan Samanta Harwi Orbitada (Orbital) romany üçin edebiýat boýunça Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu barada eminler toparynyň başlygy, ýazyjy we heýkeltaraş Edmund de Wall Londonda geçen baýrak gowşurylyş dabarasynda aýtdy diýip, baýragyň saýtyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Bary-ýogy 136 sahypadan durýan roman eminler toparyny temasynyň özboluşlylygy we beýan edilişi bilen özüne çekdi. Onda Halkara kosmos bekedinde bolýan kosmonawtlaryň durmuşyndan alty günüň wakalary beýan edilýär, olaryň arasynda iki sany russiýaly hem bar. Romanyň gahrymanlary Günüň dogşuna hem-de ýaşyşyna, buzluklara, dag belentliklerine hem-de ummanlaryň tolkunlaryna höwes bilen syn edip, täsirlerini paýlaşýarlar.

Samanta Harwi baýragyň 50 müň ýewro pul sylagyny hem-de heýkeljigi aldy. Oňa baýragy geçen ýyl bu baýraga mynasyp bolan ýazyjy Pol Linç gowşurdy. Britaniýaly ýazyjy 2019-njy ýyldan bäri bu baýraga mynasyp bolan ilkinji zenan ýazyjydyr.

Buker baýragy iňlis dilinde abraýly edebiýat baýraklarynyň biri bolup, 1968-nji ýylda esaslandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Irlandiýaly ýazyjy edebiýat boýunça Buker baýragyna mynasyp boldy
Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Halkara “Buker”-iň gysga sanawy
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy