2024-nji ýyl Düýeler maşgalasyna degişli jandarlaryň ýyly diýlip yglan edildi

Birleşen Milletler Guramasy 2024-nji ýyly düýeler maşgalasyna degişli jandarlaryň Halkara ýyly diýip yglan etdi. Bu ýyl düýeleriň 90-dan gowrak ýurtda millionlarça öý hojalygynyň ýaşaýşy üçin serişde çeşmesini üpjün etmekde esasy roluny görkezer. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) öz web saýtynda saýtynda habar berýär.

Düýeler maşgalasyna alpakadan başlap, bir örküçli we iki örküçli düýeler, guanakolar, lamalar we wikunýalar girýär. Bu jandarlar azyk howpsuzlygyny, iýmitlenişi we ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam edýär. Olar dünýäniň köp jemgyýetleri üçin möhüm medeni ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti halkara ýaşlar eko-lagerine gatnaşýar
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary peselmegini dowam edýär
FAO: Global oba hojalygynyň gizlin çykdajylary azyndan 10 trillion dollar