Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 13 göterim ýokarlandy we 678 million tonna barabar boldy diýip, Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin penşenbe güni Kazanda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda mälim etdi.
Şeýle hem Marat Husnullin degişli döwürde Russiýanyň Türkmenistana eksportynyň 11 göterim (542 million tonna çenli), ýurduň Türkmenistandan importynyň bolsa 22 göterim artandygyny (136 million tonna çenli) mälim etdi. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
“Biziň ýurtlarymyz köp ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin iş alyp barýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna sag bolsun aýdýaryn” diýip, Marat Husnullin aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde “Russia Halal Expo” sergisine hem gatnaşdy.