2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde täze ýüze çykarylan arheologiki tapyndylarynyň gowşurylmagy mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde täze ýüze çykarylan arheologiki tapyndylarynyň gowşurylmagy mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Medeniýet halkyň kalbydyr atly kitabynda: Türkmenler gaýtalanmajak medeni, ruhy we edebi gymmatlyklary döreden, adamzadyň medeni we ylmy genji-hazynasyna taýsyz goşant goşan dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridir diýip belleýşi ýaly, dünýä halklarynyň arasynda Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde iň gadymy medeniýetiň dörän we ösen ýeri hökmünde tanalýar.

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigy gözelligi bilen adamzady özüne bendi eden ýurdumyzyň çäklerinde ösen medeniýetleri döredipdirler, geljek nesillere baý maddy medeni mirasy galdyrypdyrlar.Muňa ýurdumyzyň çäklerinde häli-häzire çenli tapylyp gelýän taryhy gymmatlyklar hem şaýatlyk edýär.

Golaýda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Nur bina gurluşyk hususy kärhanasy tarapyndan Telekeçilik institutynyň gurulýan meýdançasynda taryhy gymmatlyklaryň barlygy üçin, dessine Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligine habar berildi we milli müdirligiň arheologlary tarapyndan ýüze çykaryldy.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan bu taryhy gymmatlyklar ylmy esasda öwrenilip, rejelenip Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyryldy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergi gurnaldy.

Sergide täze tapylan syrçaly we syrçasyz keramiki gap-gaçlar, küýzeler, çyradan, semawar, hojalykda ulanylan aýnadan ýasalan gabyň, toýun humuň bölegi, bürünçden ýasalan küýze, atyň naly, toýun turba hem-de degirmen daşlary görkezildi.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory M.Çaryýew hem-de oňa gatnaşan alymlar, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, muzeý işgärleri bu taryhy tapyndylaryň degişli döwri, ýerine ýetiriliş ussatlygy, olaryň aýratynlygy, bezegi bilen baglanyşykly gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Nur bina gurluşyk hususy kärhanasynyň işgärlerine minnetdarlyk bildirildi hem-de olara hormat hat gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
ÝUNESKO-nyň baş edarasynda Magtymgula bagyşlanan dabaralar geçiriler
Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni dürliligi goramak we höweslemdirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
SUEZ fransuz kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi