2023-nji ýylyň Älem gözeli

14-nji ýanwarda Nýu-Orleansda (ABŞ) her ýylda guralýan 71-nji halkara “Älem gözeli” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.Bu bäsleşikde 28 ýaşly ABŞ-ly R’Bonni Nola Gabriel ýeňiji boldy. Ýeňiji ABŞ-nyň Aýy özleşdirmekde gazanan üstünliklerine bagyşlanan eşikde sahna çykdy.

Onuň eşigi şeýle bir agyrdy welin, model onuň bilen sahnada kynlyk bilen ýöredi.Guramaçylar özboluşly eşigi bilen beýleki gatnaşyjylardan öňe saýlanmagy başaran Gabrieliň köýneginiň sekiz müň billur bilen bezelendigini habar berdiler.

Hünäri dizaýner bolan Gabriel ekologik taýdan ykjam eşikleri dizaýn edýär, öz ady bilen moda hödürleýär we täjirçilik maksatly bolmadyk tikinçilik atelýesinde biçüw boýunça hünärmen bolup işleýär.Ol ýeňijiniň täjini öňki bäsleşikde ýeňiş gazanan hindistanly Harnaz Sandunyň elinden aldy.

R’Bonni Nola Gabrieliň kakasy filippinli, ejesi amerikaly. “Miss USA” ýaryşynda birinji bolup, “Älem gözeli” ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanan Gabrieliň bu üstünligi hem taryha geçdi.Ol ABŞ-daky gözellik bäsleşginde ýeňiji bolan ilkinji aziýaly boldy.

R’Bonni Gabriel gatnaşyjylara täçler paýlanmagynyň öňýanyndaky agşamky eşikli ýörişde filippinli dizaýner Rýan Fernandesiň taýýarlan eşigini geýdi.

Bäsleşikde wenesuelaly Amanda Dudamel ikinji, Dominik Respublikasyndan Andreýna Martines üçünji boldy.

Geçen ýyllardakydan tapawutlylykda bu ýylky bäsleşikde durmuşa çykan hem-de çagaly zenanlaryň hem gatnaşmagyna rugsat berildi.Ozalky ýyllarda bäsleşige gatnaşýanlaryň durmuşa çykmadyk we çaga dogurmadyk bolmagy berk düzgün hökmünde talap edilýärdi. Ýeňijide şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda, täji yzyna alynýardy. Şeýle-de bolsa, her bir ýurt öz gözelini saýlanda bu düzgüni häzirki wagtda hem dowam etdirýär. Şol sebäpli, “Älem gözeli” bäsleşigine diňe durmuşa çykmadyk ýaş gyzlar gatnaşdy.

Bäsleşige 86 ýurtdan gelen gyzlar gatnaşdy. 1952-nji ýyldaky ilkinji “Älem gözeli” bäsleşigini “Pacific Mills” kompaniýasy guraýar. Şol ýyl bäsleşigi her ýyl guramak maksady bilen “Älem gözeli” guramasy döredilýär.

Netijede, gurama birnäçe million dollarlyk gaznaly garaşsyz brend bolýar.Dürli ýyllarda çäräni geçirmek boýunça hukuklar dürli-dürli kompaniýalara degişli bolýar.Bäsleşik 1972-nji ýyldan soň dünýäniň dürli şäherlerinde guralyp başlaýar.

Bäsleşikler dünýäniň çar künjeginde ýaýlyma berlip, oňa 500 milliondan gowrak adamyň tomaşa eden ýyllary bolupdyr.Indiki bäsleşik Salwadorda şu ýylyň ahyrynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

20-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Hindistan daşky gurşaw maksatnamasyny tassyklady
Liwerpul FK — Ramsey türk brendiniň taryhynyň futbol sahypasy
Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?
Şahruh Han kino dolanýar