
2023-nji ýylda dünýäniň ykdysady ösüşiniň üçden bir bölegine golaýy Hytaýyň paýyna düşer. Bu barada Halkara Pul gaznasynyň paýlaýjy-direktory Kristalina Georgiýewa Pekinde geçen Hytaýyň ösüşi boýunça forumda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada Caixin maliýe neşirine salgylanýan Gazeta.ru habar berdi diýip, Trend ýazýar.
Hytaýyň ykdysadyýetiniň güýçli dikelmegi 2023-nji ýylda onuň paýyna dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň üçden bir böleginiň degişli boljakdygyny görkezdi. Bu bolsa, öz gezeginde dünýä ykdysadyýetine güýçli itergi berer diýip, Georgiýewa nygtady.
HPG-iň direktory Hytaýyň jemi içerki önüminiň bir göterim punktda ösmeginiň beýleki aziýa ykdysadyýetlerinde jemi içerki önümiň 0,3 göterim punktlyk ösüşe getirjekdigini belledi.