2023-nji ýylda “Ýewrowideniýe” Liwerpulda ýa-da Glazgoda geçiriler

2023-nji ýylda “Ýewrowideniýe” Liwerpulda ýa-da Glazgoda geçiriler

“Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigi 2023-nji ýylda Liwerpulda ýa-da Glazgoda geçiriler. Bu barada “Bi-bi-si” habar berdi diýip, centralasia.media belleýär.

“Ýewrowideniýe-2023-i” geçirmek hukugyna dalaş edýänleriň gysga sanawyna Beýik Britaniýanyň ýedi şäheri girdi: Birmingem, Lids, Mançester, Nýukasl, Şeffild, Glazgo we Liwerpul. Öň, “Metro” neşiri guramaçylar tarapyndan esasy göz öňünde tutulýan şäherleriň Glazgo bilen Birmingemdigini ýazypdy, ýöne soňkusy liderleriň ikiligine girmedi.

Aýdym-saz bäsleşiginiň gutarnykly geçiriljek ýeri indiki hepdeleriň dowamynda belli bolar diýip, “Bi-bi-si-niň” wekili belleýär. 2022-nji ýylda Italiýanyň Turin şäherinde geçirilen “Ýewrowideniýede” Ukrainanyň Kalush Orchestra hip-hop topary “Stefaniýa” aýdymy bilen ýeňiji boldy.

Bu ýeňiş hem ýurda geljek ýyl bäsleşigi geçirmäge hukuk berýär.Ukraina bäsleşigi kabul etmäge taýýardygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, iýun aýynda Ýewropanyň ýaýlym birleşigi (EBU) howpsuzlyk maksady bilen, bäsleşigi ikinji ýer alan Britaniýada geçirmek kararyna geldi.

Ukraina soňky bäsleşikde ýeňiji bolan ýurt hökmünde geljekki bäsleşigiň göni finalyna çykar.Soňky gezek Britaniýa “Ýewrowideniýäni” 1998-nji ýylda Birmingemde kabul etdi.Londonda “Ýewrowideniýe” soňky gezek 1977-nji ýylda geçirildi, 2023-nji ýyldaky bäsleşik ýurt üçin dokuzynjy bolar.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylda Ýewrowideniýe Liwerpulda geçer
Türkiýe öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatyny kabul eder
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
Hindistan daşky gurşaw maksatnamasyny tassyklady
Dünýäniň iň gowy şäherleri