2023-nji ýylda Ýewrowideniýe Liwerpulda geçer

2023-nji ýylda Ýewrowideniýe Liwerpulda geçer

2023-nji ýylda "Ýewrowideniýe" aýdym-saz bäsleşigi iňlis Liwerpulynda geçer. Bu barada anna güni Ýewropa habarlar birleşigi bilen bilelikde ýeňijiniň sargydyny saýlan Bi-bi-si habar beriş korporasiýasynyň ýaýlymynda alyp baryjy Grem Norton yglan etdi.

Başlangyç tapgyrda 20 britan şäheri "Ýewrowideniýäny" özünde geçirmäge isleg bildirdi, soňra şolaryň içinden şeýle göwrümli çäreleri guramakda has uly tejribesi bolan ýedi şäher saýlanyp alyndy: Liwerpul, Birmingem, Glazgo, Lids, Mançester, Nýukasl we Şeffild.

Soňlugy bilen Bi-bi-si we EBC dalaşgärleriň sanyny Liwerpula we Glazgo çenli gysgaltdylar, ahyrda-da The Beatles rok toparynyň watanynda saklandylar. Üstümizdäki ýylyň maý aýynda"Ýewrowideniýäniň" Italiýanyň Turin şäherinde geçen 66-njy bäsleşiginde Ukrainanyň Kalush Orchestra hip-hop topary özüniň "Stefaniýa" aýdymy bilen ýeňiş gazanypdy.

Ikinji ýeri Beýik Britaniýa , üçünji ýeri bolsa Ispaniýa eýeläpdi.Däp boýunça "Ýewrowideniýe" aýdym-saz bäsleşigi geçen saparky bäsleşikde ýeňiş gazanan ýurtda geçirilýär.Ukraina 2023-nji ýylda "Ýewrowideniýäni" kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi, emma EBC gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmekdäki kynçylyklar bilen bagly bäsleşigi Ukrainada geçirip bolmajakdygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylda “Ýewrowideniýe” Liwerpulda ýa-da Glazgoda geçiriler
Türkiýe öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatyny kabul eder
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
Dünýäniň uzak aralyga gatnaýan ilkinji ýolagçy otlusy