2023-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-a girmeginiň ýubileý senesi bilen baglanyşykly dabaralar geçiriler

2023-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-a girmeginiň ýubileý senesi bilen baglanyşykly dabaralar geçiriler

Wise-premýer Mährijemal Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pariže eden saparynyň çäginde, ÝUNESKO-nyň Medeniýet boýunça baş müdiriniň orunbasary Ernesto Ramires bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda jenap Ramires soňky birnäçe ýylda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygyny nygtap, munuň özi gatnaşyklaryň işjeňleşmegine we ýurduň ÝUNESKO-nyň dürli maksatnamalaryna gatnaşmagyna itergi berendigini belledi.

Geljek ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna 30 ýyl doljakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu möhüm senäni birnäçe dabaralar, medeni we beýleki çäreler bilen giňden belläp geçmek boýunça ylalaşdylar.

Duşuşygyň barşynda 1972-nji ýyldaky Bütindünýä miras konwensiýasy we 2003-nji ýyldaky maddy däl medeni mirasy goramak konwensiýasy boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň işjeň gatnaşandygy barada bellendi.

Mährijemal Mämmedowa geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň mirasyny ÝUNESKO-nyň Dünýäniň hakydasy maksatnamasyna, şeýle-de akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileýini ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşmak boýunça hödürlenendigini aýtdy.

2024-nji ýylda Türkmenistanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilip geçilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň şäherlerinde we etraplarynda 12 häkimlik ýatyryldy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary başlandy, Türkmenistanyň DIM-i Wladimir Makeýiň biwagt aradan çykmagy sebäpli gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň Fransiýa sapary
Türkmen diplomaty ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen mejlise gatnaşdy
ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda 1970-nji ýylyň konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 7-nji duşuşygy geçirildi
Türkmen wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasyna gatnaşýar
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"