2023-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň $15,6 milliard boljakdygy çaklanylýar

2023-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň $15,6 milliard boljakdygy çaklanylýar

Şu ýyl Türkmenistan umumy möçberi 15,6 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan önüm eksport eder diýlip çaklanylýar. Bu barada Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) maý aýynyň başynda çap eden Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa üçin sebitleýin ykdysady çaklamasynda bellenilýär.

Halkara Pul Gaznasy 2023-nji ýylda Türkmenistanyň importynyň 9 milliard ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny hem çaklaýar. Mundan başga-da, HPG 2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksporty 15,1 milliard ABŞ dollaryna, importy bolsa 9,9 milliard ABŞ dollaryna deň bolar diýip hasaplaýar.

HPG-niň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa üçin sebitleýin ykdysady çaklamasyna görä, geçen ýyl Türkmenistanyň eksporty 15,6 milliard ABŞ dollaryna, importy bolsa 8,5 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Halkara Pul Gaznasynyň hasabatynda Merkezi Aziýa bilen Kawkazyň bilelikdäki jemi içerki önüminiň, 2022-nji ýylyň 4,8 göterimi bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda 4,2 göterime çenli peseljekdigi we onuň 2024-nji ýylda 4,5 göterime çenli ýokarlanjakdygy çaklanylýar.

Ýene degişli makalalar

HPG: umumy dünýä bergisi 2024-nji ýylda 100 trillion dollardan geçer
HPG 2024-nji ýyl üçin dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamany çap etdi
Kristalina Georgiýewa HPG-niň başlygy wezipesine ýeke-täk dalaşgär görkezildi
Aşgabady tämizleýänleriň aýlygy gijikdirilýär, Arkadagyň ikinji tapgyry gurulýar
HPG: emeli aň millionlarça adamy işsiz galdyrar
HPG dünýä ykdysadyýetiniň ösjekdigini çaklaýar
HPG-niň başlygy ikinji möhlete saýlandy