2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17% artdy

2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17% artdy

Ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr ýükleriň geçirilmegi üçin döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde, soňky ýyllarda üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberi yzygiderli artýar. Ýagny, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17% artdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ösüş depgini şu ýylyň ilkinji 2 aýynda hem saklanýar. Ýagny, 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% ýokarlandy.

Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr geçelgeleriň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, serhetýaka gümrük nokatlarynda döwrebap şertler döredilýär.Gümrük amallarynyň doly awtomatlaşdyrylmagy we gümrük barlaglarynda kämil enjamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy, ulag serişdeleriniň gümrük nokatlarynda bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär.

Bu ýagdaýlar bolsa, soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleriň daşalmagyna gyzyklanmalary has-da artdyrýar.Mysal üçin, 2020-nji ýyldan bäri üstaşyr geçirilýän harytlaryň möçberi 206% ýa-da 3 esse ýokarlandy. Şunda awtoulagly üstaşyr daşamalar 585%, demir ýol ýük daşamalaryň mukdary bolsa 104% artdy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýa syýahatçylyk wizasy bilen barýan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagy kynlaşdy
Marmaris etrabynda kruiz gämi syýahatçylygy dowam edýär
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolar
Türkiýä 2 Aýda 4 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi
Fransiýada Ele Salynan Taryhy Eserler Yzyna Getiriler
Litwa Rus Döwlet Belgili Ulaglaryň Ulanylmagyny Gadagan Etdi