2023-nji ýylda Türkmenistanyň 300-den gowrak raýaty Belarusyň ÝOM-laryna okuwa kabul edildi

2023-nji ýylda Türkmenistanyň 300-den gowrak raýaty Belarusyň ÝOM-laryna okuwa kabul edildi

Belarus uniwersitetleri 2023-nji ýylda Türkmenistanyň 330 raýatyny kabul etdi. Türkmen raýatlary respublikanyň 23 ýokary okuw mekdebinden çakylyk aldy diýip, Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýlelik bilen, Belarus döwlet uniwersitetiniň A.D.Saharowa adyndaky Halkara döwlet ekologiýa instituty türkmen dalaşgärleriniň 92-sini, Belarus döwlet uniwersiteti bolsa 79-yny kabul etdi. Ý.Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetine — 35, F.Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetine bolsa 31 türkmen raýaty okuwa girdi.

Belarus döwlet lukmançylyk kollejiniň, P.M.Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersitetiniň, Witebsk döwlet weterinariýa akademiýasynyň, Grodno döwlet agrar uniwersitetiniň, Belarus döwlet oba hojalygy akademiýasynyň we A.A.Kuleşowa adyndaky Mogilýow döwlet uniwersitetiniň hersine bir türkmen raýaty okuwa kabul edildi.

Belarus ýokary okuw mekdeplerinde okuw hünäre baglylykda dört ýyldan alty ýyla çenli dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Belarusda bir aýaly öldürmekde güman edilýän türkmenistanly tussag edildi
Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen sport boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirer
Arkadalyşygyň oýunlarynyň sport maksatnamasy tassyklanyldy
Wepa Jumaýew Witebskdäki ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi
Olga Mizgirýowa: döredijilik we ykbal syrlary
Belarusda bir aýaly öldürmekde güman edilýän türkmenistanly barada täze maglumatlar peýda boldy