2023-nji ýylda türkmen bazaryna 6,5 müň tonnadan gowrak kofe we kakao önümleri import edildi

2023-nji ýylda türkmen bazaryna 6,5 müň tonnadan gowrak kofe we kakao önümleri import edildi

Geçen ýylda Türkmenistan daşary ýurtlardan 6,5 müň tonnadan gowrak kofe we kakao önümlerini import etdi. Bu barada Biznes reklama gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda türkmen bazaryna daşary ýurtlardan kofe we kakao önümleriniň 6 müň 555 tonnasy getirilipdir. Import edilen kofeniň agramly bölegi Nescafe, Jacobs, Camel, MacCoffee, Hot drops, Nesquik haryt nyşanly dünýäniň meşhur kofe we kakao önümleriniň paýyna düşýär.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň sentýabr — dekabr aýlarynda türkmen öndürijisi bolan Toýly hojalyk jemgyýeti tarapyndan Markow haryt nyşanly kofeleriň 17 665 kilogramynyň daşary ýurtlara eksport edilendigi bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynyň bazarlarynda sygyr eti 30% gymmatlady
Magtymguly - ynsan köňlüniň çyragy
Henrik Hololeý: ÝB-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny ähli ugurlarda berkitmäge uly mümkinçilikler bar
Türkmen wekiliýeti Ýewrokomissiýanyň wekili we ispan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen wekiliýeti Brýusselde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti: Türkmenistan sebitde aýratyn orny eýeleýär