2023-nji ýylda Russiýa iberiljek türkmen gazynyň garaşylýan möçberi yglan edildi

2023-nji ýylda Russiýa iberiljek türkmen gazynyň garaşylýan möçberi yglan edildi

Gazprom AGPJ bilen ozal baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 2023-nji ýylda Russiýa, takmynan, bäş milliard kub metr türkmen gazy iberiler.

Muny Türkmengaz döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Arçaýew ýakynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň nebiti we gazy —2023 halkara maslahatynda we sergisinde mälim etdi diýip, Trend.az habar berýär.

Myrat Arçaýewiň belleýşi ýaly, şertnamada ýylda 5 milliard kub metr töweregi möçberde türkmen gazyny ibermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ol häzirki wagtda şertnamanyň doly ýerine ýetirilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

2019-njy ýylda Türkmengaz döwlet konserni we Gazprom AGPJ Russiýa 5 ýyl möhlet bilen tebigy türkmen gazynyň iberilmegi barada şertnama baglaşypdy. Şertnama 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi
Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlaryny yglan edýär
TULM we COSCO SHIPPING Group hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirýär
Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrýar
Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy