2023-nji ýyl iň köp ýaragly çaknyşyklaryň başdan geçirilen ýyllaryň biri boldy

2023-nji ýyl iň köp ýaragly çaknyşyklaryň başdan geçirilen ýyllaryň biri boldy

Norwegiýada ýerleşýän Oslo parahatçylyk derňewleri instituty tarapyndan geçirilen derňewde, II Jahan urşunyň tamamlanmagyndn bäri 2023-nji ýyl dünýä derejesinde zorluklaryň we iň köp ýaragly çaknyşyklaryň başdan geçirilen ýyllaryň biri boldy.

Derňewde geçen ýyl 28-i Afrika materiginde bolmak bilen dünýä derejesinde 59 çaknyşygyğ başdan geçirilendigi mälim edildi.

Derňewiň lideri Siri Aas Rustad: "Sowuk söweşiň tamamlanmagyndan bäri dünýädäki zorluk ähli wagtlaryň iň ýokary derejesinde" diýip habar berdi.

Çaknyşyklaryň barha çylşyrymly ýagdaýa gelýändigini aýdan Rustad, tapawutly ýurtlar bilen birlikde şol bir ýurtda köp sanda çaknyşygyň başdan geçirilip bilinýändigini beýan etdi.

Derňewde soňky 3 ýylda başdan geçirilen çaknyşyklarda ýogalanlaryň sanynyň, soňky 30 ýylda ýogalan adamlardan köpdügi aýan edildi.

2023-nji ýylda 122 müňden gowrak adamyň çaknyşyklarda ýogalandygy bellenen derňewde, geçen ýyl 3 aý ýaly gysga wagtda Ukrainada 71 müň, Gazada 23 müň adamyň ýogalandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Ermenistanda Agdarlyşyk Synanşygynyň Öni Alyndy
Erdogan UEFA-nyň Merih Demiral Hakynda Derňew Işini Başlatmagyna Reaksiýa Bildirdi
Russiýada kazyýet Alekseý Nawalnyýnyň aýalynyň tussag edilmegi barada karara geldi
Russiaýdaky otly heläkçiliginde ýaralanan adamalryň sany artdy
Kajyr: "Türkiye Ýewropanyň iň uly öý hojalyk önümleriniň öndürijisidir" diýdi
Inguşetiýada terrorçylykly hüjümleriň öňi alyndy