2023: Ilatyň iş, durmuş goraglylygy ýene bir ýyl gowulaşmady

2023: Ilatyň iş, durmuş goraglylygy ýene bir ýyl gowulaşmady

Türkmenistanda ilatyň iş, durmuş goraglylygy 2023-nji ýylda hem gowulaşmady. Ýyl aýagynda sowuk howada mekdebe ýuka eşikli we şypbykly gatnaýan çagalaryň köpelendigi habar berilýär.Resmi taýdan boýun alynmaýan agyr işsizlik, manat-walýuta kynçylyklary, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine döredilýän emeli kynçylyklar, agyr korrupsiýa saklanyp galdy, gazanç gözleginde we ýurtdaky deňsizlikden, adalatsyzlykdan nägile bolup, daşary ýurtlara gidýän, gitmek isleýän raýatlaryň sany köplemese, azalmaýar.

Işsizlik meselesiniň çözülmeginden geçen, daşary ýurtlara edýän gaz, elektrik eksportyny ýyl-ýyldan artdyrýan ýurt, energiýa söwdasyndan gelýän girdejileri gymmat bahaly gurluşyk taslamalaryna harçlamagyny dowam etdirip, säherlerde we etrap, oba ýerlerinde agralýan durmuş şertlerine göz ýumýar, ilaty ozal mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen suw, gaz, elektrik bilen hem ýeterlik derejede üpjün edip bilmeýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Gaza baý ýurduň sowuk başagaýlygy

Azatlygyň ýyl başynda, 4-nji ýanwarda çap eden habary 2022-nji ýyldan 2023-nji ýyla geçen gaz üpjünçiligi meselesiniň ýene bir ýyla uzajakdygyny yşarat etdi.

"2-nji ýanwarda, gije sagat 3-4 töwereginde Türkmenabadyň birnäçe etrapçasynda we Çärjew etrabynyň Watan birleşiginde gaz ýapyldy. Çärjew etrabynyň beýleki obalarynda bolsa, gazyň basyşy azalyp, zordan ýandy" diýip, Azatlygyň habarçysy sebitiň ýaşaýjylarynyň aşa sowuk gelen aýazly howada gaz ýakyp, öýlerini ýylatmakdan geçen, çaýlaryny zordan gaýnadandyklaryny habar berdi.

Howa maglumatlaryndan görnüşine görä, 12-nji ýanwardan 13-nji ýanwara geçilen gije Türkmenistanyň günorta sebitinde, Serhetabatda aýazly howanyň temperaturasy -27 gradusa ýetdi.Bu ýerde iň sowuk gyş 1905-nji ýylda -33,8 gradus derejesinde hasaba alnypdyr.

Soň bu sebitde şunuň ýaly sowuk howa 1969-njy we 2008-nji ýyllarda bolupdyr. 2008-nji ýylda Serhetabatda howanyň sowuklygy -26,7 gradusa ýetdi.

Türkmen metbugaty ilatyň diňe sebitlerde däl, paýtagtda ýüzbe-ýüz bolýan durmuş kynçylyklaryny, adatdan daşary sowuk howada döreýän heläkçilikli ýagdaýlary hem görmeýär.

Resmi taýdan boýun alynmasa-da, taryha gidýän ýylda Türkmenistanyň iň uly sosial meseleleriniň biri işsizlik boldy we bu ýyl Aşgabat zähmet migrantlarynyň esasy ýykgyn edýän we wizasyz baryp bilen ýurduny, Türkiýäni hem wizaly gitmeli ýurtlaryň sanawyna goşdurmagy gazandy. Ýöne bu, Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, maşgalalaryň bozulmagyna ýa-da çagalaryň ene-ataly ýetim ýagdaýyna düşmegine getirýän zähmet migrasiýasynyň azalmagyna getirmeýär.

Azatlyk bu meseleler, hususan-da işsizligiň we zähmet migrasiýasynyň maşgala durmuşyna, çagalaryň kemala gelmegine ýetirýän täsirleri barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärlerinden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.

Durmuş goraglylygynyň yzygiderli peselmegi ozaly oba adamlarynyň durmuş, ýaşaýyş şertlerini çydap bolmajak ýagdaýlara alyp geldi.

Obalaryň çökmegi, çolarmagy dowam edýär

Türkmen häkimiýetleri 2022-nji ýylda käbir obalaryň ilat sanynyň 50 adama hem ýetmeýändigini tassyk etdi, ýöne bu ýagdaýyň sebäplerini, oba adamlarynyň gelýän ýyllarda ýüzbe-ýüz bolup biljek durmuş meselelerini açyk ara alyp maslahatlaşmakdan saklandy.

"Çet obalar örän kyn ýagdaýa düşdi, dogduk mekanlaryndan iş gözläp ýa göçüp gidýän köpelýär, galanlar zordan mydar edýär" diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär.

Synçylar türkmen obalaryndaky çökgünligiň 1990-njy ýyllaryň başynda, “täze oba syýasaty” döwründäki agyr korrupsiýa we geleňsizlik netijesinde, iş ýerleriniň we adamlaryň gazanç mümkinçiligiň barha azalmagy bilen başlanandygyny aýdýarlar.

Umuman alnanda, ilatyň durmuş goragy, başda ýatyrylan pensiýalaryň, kömek pullarynyň dikeldilmegi bilen dörän umytlara garamazdan, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentliginiň soňky ýyllarynda, gymmat bahaly taslamalara harçlanýan döwlet serişdeleriniň aşa köpeldilmeginiň fonunda, barha has pese gaçdy.

Azatlygyň habarçylary obalardaky durmuş şertleriniň indi birnäçe ýyl bäri yzygiderli pese gaçýandygyny habar berýärler.

“Obalardaky şertler indi birnäçe ýyl bäri gitdigiçe ýaramazlaşýar” diýip, Mary sebitindäki habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, etrap merkezlerinden daşda ýerleşýän obalaryň ýagdaýy has kyn, kä obalarda iş, gazanç mümkinçiligi örän pes ýa-da ýok diýerlik derejä düşdi.

Mary sebitiniň çetki obalaryndan Çaşgyn, Zähmet, Täze dünýä obalarynyň ýagdaýy, Ýolöten etrabyndaky obalaryň käbiri, Buluçly ýaly obalar gitdigiçe gözgyny hala düşýär.

“Daş obalarda gazanç mümkinçiligi tasdan ýok. Köp iş ýeri ýapyldy. Maldarçylyk fermalary, çagalar baglary, suw edaralary garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri ýapyk bolmagynda galýar” diýip, habarçymyz sebitlerdäki eklenjiň iň uly alada öwrülendigini aýtdy.

Diňe iş ýagdaýy däl, obalaryň tok, elektrik üpjünçiligi hem gaty ýaramazlaşdy. Gijelerine berilýän tok jaýlaryň içini zordan ýagtyldýar, gündizlerine sowadyjylary işledip bolmaýar diýip, habarçylarymyz habar berýär.

Azatlygyň bir habarçysy şu ýyl Gyzylarbat etrabynyň merkezinden 40 kilometr demirgazykda ýerleşýän Tutly daýhan birleşigine baryp gördi.

“Obada işe ýaraýan erkek göbekli tas galmady, bu daýhan birleşigine indi “Ýewropa obasy” diýýärler, sebäbi bu obanyň ýigitleri harby gullugy tamamlap ýetişdigi Germaniýa, Polşa işlemäge gidýär” diýip, Azatlygyň habarçysynyň söhbetdeşi aýtdy.

Işsizlik we ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşmegi diňe uly adamlaryň däl, maşgalalardaky çagalaryň sosial goraglylygyna hem agyr zarba urýar diýip, synçylar aýdýarlar.

Baý ýurduň garyp çagalary we sahawatçylyk wagzy

“Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr” diýip, Türkmenistanyň prezidenti 1-nji iýunda ýurduň halkyny we çagalaryny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlanda aýtdy.

Emma synçylar ýurduň çagalarynyň baýlaryň we garyplaryň çagalary diýen iki topara bölünendigini we eli ýuka maşgalalaryň gurply maşgalalara garanda juda kändigini, pes girdejili maşgalalaryň çagalarynyň ýagdaýynyň gowulaşmaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda çagalaryň goragy diýlende, ozaly ýurduň çaga ölümi babatyndaky biabraýçylygy ýada düşýär.Sowet ýyllarynda çaga ölümi boýunça iň agyr ýagdaýdaky respublikalaryň biri bolan ýurtda, resmi maglumatlara görä, 1990-2016-njy ýyllar aralygynda çaga ölümi meselesindäki ýagdaý gowulaşyp, ozal diri doglan her 1000 çaganyň 70-isi ýogalan bolsa, soňra ölýän çagalaryň sany 43-e çenli azalypdyr.

Emma bu görkezijiniň näderejede ygtybarlydygy belli däl we, käbir halkara guramalary Aşgabadyň çap edýän sanlaryna ynamsyz garaýarlar.

Uly adamlaryň zähmet, durmuş goragy meselesinde bolşy ýaly, çagalar baradaky kanun kepillikleri hem, kada öwrülen bikanunçylykdan çen tutulsa, entekler kagyz ýüzünde galjaga meňzeýär.

Ejesi ýa kakasy daşary ýurtlarda, başga şäherlerde ýa uzakda işleýän, ene-atasy aýrylyşan çagalaryň arasynda agyr ýagdaýa düşýän çagalar köpelýär, iň esasy kynçylyk ýurtdaky garyplyk bilen bagly diýip, Azatlygyň habarçysy söhbetdeş bolan adamlaryna salgylanyp habar berýär.

“Çagalaryň bagtly bolmagy üçin ozaly olaryň ene-atalarynyň kadaly gün-güzerany ýa-da gazanjy bolmaly” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda garyplyk derejesinde ýaşaýan adam “gaty köp we olar köplenç her aýda berilýän azyk paýogyna garaşyp ýaşaýar”.

Çuňlaşýan garyplyk uly adamlaryň we çagalaryň zerur bolan saglyk hyzmatlaryny almak mümkinçiliklerini hem ýyl-ýyldan pese gaçyrýar.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglygyny bejertmek mümkinçiligine eýe bolan çagalaryň sany ýüzlerçe boldy. Ýöne bu hili kömege mätäç çagalaryň sanynyň müňlerçedigi habar berilýär.

“...saglyk meselesi bolan çagalaryň ýagdaýy öwerlik däl... Näsag çaganyň ene-atasy garyp bolsa, ýa öýüni satmaly, ýa dogan-garyndaşlaryndan pul ýygnap, bergä batmaly, ýogsa-da çaga ölüp gitmeli, bu şeýle hem bolýar” diýip, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Azatlygyň ýerli habarçysyna aýtdy.

Ene-atalaryň käbiri çagalaryň durmuş goragy meselesinde ozaly olaryň aç galmazlygy, mekdepde döwletiň hasabyna naharlanmagy barada gyssagly mesele goýmak wagtynyň gelendigini aýdýar.

Görnüp duran garyplyga, soňky ýyllarda ýurdy terk eden adamlaryň sanynyň ýüz müňlerçe bolandygyna garamazdan, Aşgabat şu ýyl ilat sanynyň 7 milliondan aşandygyny yglan etdi.

Maşgala gymmatlyklaryny opurýan ýalançylyk

Ýerli synçylar bu sanlara örän uly şübhe bilen garaýarlar. Azatlyga hat ýazan raýatyň hasaplamalaryna görä, ykdysady kynçylyklar öýlenjek, durmuşa çykjak ýaşlaryň öňünde keseren iň uly päsgelçilikleriň birine öwrüldi, pulsuzlyk olary maşgala gurmak, toý etmek arzuwlaryny barha köp jylawlap saklamaga mejbur edýär.

Ýaşlaryň baş birikdirmek, toý etmek we maşgala bolmak, soňra maşgalany ekläp-saklamak, çagalaryna döwrebap bilim bermek mümkinçiligi, ykdysady kynçylyklaryň barha çuňlaşmagy bilen, gitdigiçe azalýar.

Türkmenistanda işsizligiň hakyky möçberlerini görkezýän statistika maglumatlary çap edilmeýär we ýaşlaryň durmuş gurmak, maşgalaly bolmak mümkinçilikleriniň soňky ýyllarda näderejede azalandygyny anyklamak üçin sosial barlag ýa pikir sorama geçirmek mümkinçiligi häzirlikçe ýok. Ýöne synçy soňky ýyllarda toý etmäge gurbaty çatmaýan ýaş ýigitleriň, bozulýan maşgalalaryň sanynyň görnetin köpelendigini öňe sürýär.

Onuň ynanjyna görä, bu ýagdaý metbugatda wagyz edilýän maşgala gymmatlyklaryna 'gowy goşant goşmaýar'.

Hökümet ilatyň iş, durmuş şertlerini, sosial goraglylygyny, çagalara, enelere, mätäç maşgalalara berilýän kömegi düýpli gowulandyrmasa, zähmet migrasiýasynyň häzirki ýaly köpelen ýagdaýynda, Türkmenistanyň gelýän ýyllarda çynlakaý demografik çökgünlige düşmegi mümkin diýip, synçy aýdýar.

“Ýaşlaryň durmuş kynçylyklary we olardan bolmaly çagalaryň sanynyň ýyl-ýyldan azalmagy soňy bilen ýurduň demografik ösüşinde has ýiti duýlar” diýip, ol bu aladanyň ozal, Saparmyrat Nyýazow döwründe giň ýaýran neşekeşlik, neşe gaçakçylygy sebäpli, 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen ikinji prezident tarapyndan hem tassyk edilendigini aýtdy.

“Döwlet durmuş gurýan ýaş maşgalalara 3 ýyllyk möhlet bilen 20 müň manat karz pul berýär, bujagaz pul olaryň nämesine ýetsin?Eger Türkmenistanda iň az zähmet haky ýa-da aýlyk 1500 manat bolsa, toý etjek adamlar iýjeginden, geýjeginden kesip, näçe ýyllap pul toplamaly ýa-da näçe ýylap bergilerini üzmeli?

Durmuş toýlary bolmasa, Türkmenistanyň ilaty nädip köpelmeli?” diýip, synçy Azatlyga ýazan hatyny sorag bilen soňlady.

Ilatyň iş, durmuş goraglylygynyň ýyl-ýyldan pese gaçmagy, orta gatlagyň döremeginiň deregine garyp, mätäç adamlaryň köpelmegi, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, hökümetiň hakykatda azat bazar ykdysadyýetine geçilmegine garşy durmagy bilen bagly.

Bu garşylyk döwletiň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi arkaly telekeçilik pudagyna berk gözegçilik etmegi, az sanly telekeçä uly mümkinçilikleriň döredilmegi, hossarsyz diýilýän telekeçileriň özlerini kanun esasynda gorap bilmezligi, manat-walýuta kynçylyklary we beýleki çäklendirmeler bilen düşündirilýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda, “...ilatyň düzümini, zähmet gorunyň ulanylyşyny öwrenýär we iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Howandarlyga mätäç çagalara paýlanýan haýyr-sahawat ýardamlarynyň üstünden egsilip berilýär
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy
Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna, häzire çenli jemi 260 operasiýa geçirildi
Türkmenistan Palestina Ynsanperwer Kömegini Ugratdy
Häkimiýetler ilata prezidentiň portreti we beýlekiler üçin bikanun salgyt salmagyny 'güýçlendirýär'
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar