Türkmenistanda göni daşary ýurt maýa goýumlary (GDÝMG) 2022-nji ýylda 936 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) 5-nji iýulda çap edilen “World Investment 2023” atly hasabatynda habar berildi.
Hasabata görä, göni daşary ýurt maýa goýum akymlary boýunça Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde üçünji ýeri eýeledi. Hasabat döwründe ýurduň göni daşary ýurt maýa goýum bukjasy 41,537 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Gazyp alýan pudaklara 2022-nji ýylda gönükdirilen esasy maýa goýum taslamalarynyň arasynda “ExxonMobil”(ABŞ) kompaniýasynyň Gaýananyň kenaryndaky dördünji nebit taslamasyna 10 milliard ABŞ dollar maýa goýumyny we Emirlikleriň Milli Nebit Kompaniýasynyň (BAE) Türkmenistanda nebit öndürmek boýunça işini 7,5 milliard ABŞ dollaryna çenli giňeltmegini görkezip bolar.
UNCTAD-nyň “World Investment 2023” hasabatynda 2022-nji ýylda dünýäde göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdarynyň 12 göterim azalandygy, emma gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýumlarynyň 2015-nji ýyldan bäri takmynan üç esse artandygy görkezilýär. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna (SDG) ýetmek üçin gowy mümkinçilik bolup durýar.