2022-nji ýylyndaky logosyny üýtgetdi

Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy 2022-nji ýyldan başlap ulanjak täze logosyny tanyşdyrdy.Täze logo birnäçe aý ozal tanyşdyrylan “Renault 5” atly nusgalyk ulagda görkezilipdi.Emma şol tanyşdyrylyşda täze logo barada agzalmandy.

Bu logo 2024-nji ýyldan başlap ähli “Renault” maşynlarda peýda bolar.Täze logonyň ilkinji haýsy modelde ulanyljakdygy mälim edilmedi.Soňky ýyllarda awtoulag öndüriji kompaniýalar elektroulag önümçiligini artdyryp başladylar. Şol sebäpli birnäçe ýyldan bäri däp bolup gelýän nyşanlaryna “elektron” öwüşgin berdiler.

Mundan ozal “Kia”, “Nissan”, “Maserati”, “Opel”, “Peugeot” we “Volkswagen” öz logolaryny täzeledi. “Renault” kompaniýasy döredilen wagtyndan bäri logosyny 9-njy gezek üýtgedýär.Kompaniýanyň häzirki logosy 1992-nji ýylda döredilipdi.

Bu logo 2015-nji ýylda azda-kände üýtgedilipdi.

The post 2022-nji ýylyndaky logosyny üýtgetdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Renault täzelenen logotipini tanyşdyrdy
“Opel” Germaniýadaky esasy awtoulag sergisine gatnaşyp bilmez
Ýewropada awtoulag satuwy artdy
Minutda has köp awtoulag öndürýän ýurt we kompaniýa haýsy?
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy