2022-nji ýylyň Toyota Camry-sy gapdal kraş-testinden geçip bilmedi

2022-nji ýylyň Toyota Camry-sy gapdal kraş-testinden geçip bilmedi

2022-nji model ýylynyň Toyota Camry awtoulagy ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) geçiren gapdal kraş-synagyndan iň ýaramaz netije aldy.

IIHS institutynda Camry-den başga-da üstümizdäki model ýylynyň ýene alty awtoulagynyň gapdallygyna düşme kraş-synagyny geçirdiler. Onda Nissan Altima bilen Chevrolet Malibu iň ýaramaz netijäni görkezdiler. Honda Accord awtoulagy "üçlüjek" aldy, Hyundai Sonata we Volkswagen Jetta "makul" görüldi, ýokary netijä bolsa Subaru Outback mynasyp boldy.

IIHS-de täzelenen gapdal kraş-testi boýunça synag geçirdiler — öňki synaglar ýol-ulag hadysasynda gapdallygyna düşmegiň hakykatda çynlakaý howpdugyny görkezmeýärdi, ýogsam, şeýle hadysa uçran ýeňil awtoulaglaryň ýolagçylarynyň dörtden bir bölegi diýen ýaly ýogalýardy.

Täzelenen gapdallygyna düşme synagynda has ýokary tizlik bilen hereket edýän agyr päsgelçilik ulanylýar.Täze päsgelçiligiň agramy 1905 kg, bu bolsa orta ölçegdäki häzirki zaman wnedorožnikleriniň agramyna deňdir.Synagda päsgelçiligi 60 km/sag bilen barýan synag awtoulagy bilen çaknyşdyrýarlar (1500 kg-a garşy, öň 50 km/sag bilen barýan).

Ýene degişli makalalar

100 sany uçýan taksi sargyt etdi
Türkmenistanda 2021-nji ýylda 83,7 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi
2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanda nebit önümleriniň täze görnüşleri öndürilip başlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny