Mozillion kompaniýasynyň täze gözlegi adamlaryň haýsy gurluşa has kän garaşýandygyny ýüze çykardy. Kompaniýanyň gözlegi barada “GizChina” neşiri ýazýar. Şeýlelik bilen, 2022-nji ýylyň iň köp garaşylýan smartfony iPhone 14 boldy. Dünýädäki 1 110 030 gözleg soragy bu smartfon bilen baglydyr (netije soňky 12 aýda hasaba alyndy). Bu gurluş 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda hödürlenmeli.
iPhone smartfonunyň yzyndan uly tapawut bilen Samsung Galaxy S22 ýerleşdi onuň paýyna 518 000 gözleg soragy düşýär. Smartfon ýakyn wagtda, fewral aýynda hödürlener. Üçünji orny “arzan” iPhone SE (3-nji nesil) eýeledi, bu smartfonuň 2022-nji ýylyň mart aýynda çykmagyna garaşylýar.
GizChina-nyň maglumatlaryna görä, iPhone 14 we iPhone 14 Pro 6,06 dýuým ekrana, iPhone 14 Max we iPhone 14 Pro Max diagonaly 6,68 dýuým bolan uly displeýe eýe bolar. Mundan başga-da, iPhone 14 we iPhone 14 Max modellerinde LTPS displeýleri, Pro bilen Pro Max-da bolsa LTPO displeýleri ulanylar.
iPhone 14 seriýasy täze Bionic A16 prosessory bilen enjamlaşdyrylar. Bu çip 4-nm tehnologik proses boýunça guruldy. iPhone 14-iň esasy wersiýasyndan galan üç model üç kamera eýe bolar. Esasy wersiýa bolsa iki kameraly bolar. Şol bir wagtyň özünde iň gymmat iki modeliň esasy kamerasy kämilleşdiriler, olarda 48 Mp datçigiň peýda bolmagyna garaşylýar.