Hünärmenler geçen ýylyň iň gowy it suratlaryny kesgitlediler. Emin agzalary “International Dog Photography Awards” bäsleşiginiň netijelerini jemlediler. Bu ýerde gürrüň diňe bir professional suratçylaryň däl, eýsem höwesjeň suratçylaryň hem gatnaşýan her ýylky bäsleşigi barada barýar. Bu bäsleşikde ýeňijiler 500 ýewro möçberindäki baýraklara eýe boldular.
Bäsleşikde “Portret we peýzaž”, “Hereket”, “Studiýa”, “Itler we adamlar” diýen dört kategoriýa öňe sürüldi. Bäsleşige gatnaşýanlar 50 ýurtdan dürli tohumdaky we ululykdaky itleriň 1,5 müňe golaý suratyny iberdiler.
Halas ediji itiň suraty bilen şweýsariýaly Daliýa Fişmann “Portret we peýzaž” kategoriýasynda ýeňiji boldy, päsgelçiligi ýeňip geçýän itiň suraty bilen italiýaly Françesko Mura bolsa “Hereket” kategoriýasynda ýeňiji boldy.