2022-nji ýylyň birinji çärýeginde global PK üpjünçiligi pese gaçdy

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde global PK üpjünçiligi pese gaçdy

Counterpoint Technology Market Research kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde personal kompýuterleriň global bazaryny öwrenmek bilen netijeleri çykardy. Görnüşi ýaly, kompýuterleriň satuwy azalýar, ýetmezçilik ýaly meseleler bolsa henizem dowam edýär.

Hasaplamalara görä, stolüsti ulgamlaryň we noutbuklaryň iberilişi ýyllyk hasabynda 4,3% - 78,7 mln birlige çenli azaldy. Analitikler heniz logistika we bölekleriň ýetmezçiligi bilen bagly meseleleriň saklanýandygyny belleýärler.

Iň uly PK üpjün edijisi 23,1% paý bilen Lenovo-dyr. 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda bu kompaniýa 18,2 mln kompýuter iberdi.

Ikinji orunda 20,2% paý we 15,9 mln iberilen gurluş bilen HP ýerleşýär. Üçlügi üç aýda 13,8 mln töweregi kompýuter satmagy başaran Dell jemleýär. Onuň yzyndan 7,1 mln satylan PK bilen Apple gelýär. Bazaryň beýleki oýunçylary umumylykda 23,8 mln desktop we noutbuk satdylar.

Counterpoint Technology Market Research-iň pikiriçe, bölekleriň ýetmezçiligi şu ýylyň ikinji ýarymynda gowşar. Şeýle-de bolsa, häzirki ýagdaýda 2022-nji ýylyň jemi boýunça PK üpjünçiligi öň çak edileninden pes bolup biler.

Ýene degişli makalalar

Kompýuter satuwy artdy
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrorçy Fyrat Serihan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 21 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi