Azerbaýjanyň Jemi içerki önüminiň ösüşi 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda 7,2 göterimi düzdi. Bu barada Interfaks respublikanyň Statistika boýunça Döwlet edarasynyň habaryna esaslanyp habar berdi.
Habarda nebitgaz pudagynda bu döwürde ösüşiň 0,5 we nebitdäl pudakda 11 göterim görkezendigi aýdylýar.
JIÖ-niň derejesi ýurduň senagat, söwda we ulag, gurluşyk, oba we tokaý hojalygy, balykçylyk we beýleki pudaklarynda hem ösüş görkezdi diýip, MIR24 ýazýar.