“2022-nji Ýyldan Bäri Russiýaly 350 Müň Esger Ýogaldy ýada Ýaralandy”

“2022-nji Ýyldan Bäri Russiýaly 350 Müň Esger Ýogaldy ýada Ýaralandy”

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy hüjüm guramaga başlan Russiýanyň häzire çenli azyndan 350 müň esgeriniň ýogalandygyny ýada ýaralanandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmeginde Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilýän NATO-nyň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşan Ostin, Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

23-nji Ukraina Aragatnaşyk toparynyň maslahatynda çykyş eden Ostin, Ukraina gyssagly howa goranyş ulgamlarynyň berilmelidigini nygtady.

Ostini Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň harby ukyby bilen dünýä täsirini ýetirmäge dowam edýändigini belledi.

2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy hüjüm guramaga başlan Russiýanyň häzire çenli azyndan 350 müň esgeriniň ýogalandygyny ýada ýaralanandygyny aýdan Ostin, hyzmatdaşlarynyň Ukraina goldaw bermelidigini ýatlatdy.

Ukraina berilýän goldawyň gün saýyn artýandygyny aýdan Ostin, Argentinanyň hem Ukraina Aragatnaşyk toparynyň hataryna goşulandygyna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaşar Güler amerikaly we ukrainaly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Ostin Diplomatik Tagallalaryny Dowam Etdirýär
Ýaşar Güler, NATO-nyň Goranmak Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Ýaşar Güler Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbedeş Boldy