2022-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” geçirmäge Italiýanyň bäş şäheri dalaş edýär

2022-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” geçirmäge Italiýanyň bäş şäheri dalaş edýär

Italiýanyň bäş şäheri Milan, Bolonýa, Pezaro, Rimini we Turin 2022-nji ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigini geçirmäge dalaş edýär. Bu barada Il Messaggero gazeti habar berdi diýip, www.silver.ru belleýär.

Çäräni geçirmäge gyzyklanma bildiren 17 şäheriň 11-siniň arza tabşyrandygy bellenilýär. Ýewropanyň gepleşik birleşiginiň we Italiýanyň RAI döwlet telewideniýesiniň wekilleriniň barlaglaryndan soň, alty şäheriň şol sanda Rimiň dalaşgärligi aýryldy.

Ýatlap geçsek, Italiýanyň Maneskin topary Zitti e Buoni aýdymy bilen Rotterdamda geçirilen “Ýewrowideniýe-2021” halkara bäsleşiginde 524 bal gazanyp, ýeňiji boldy. Italiýanyň bu ýeňşi “Ýewrowideniýäniň” taryhynda üçünji we 1990-njy ýyldan bäri ilkinji boldy. Ýerli KHBS-iň bellemegine görä, düzgün boýunça indiki ýyl Italiýada geçiriljek “Ýewrowideniýäniň” gaýdyp gelmegi italiýalylaryň arasynda bäsleşigiň meşhurlygyny artdyrar.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Ýuwentusyň täze baş tälimçisi Tiagu Motta boldy
Soňky minutlarda gazanylan ýeňişler
Ýeke gol hem geçirtmedi
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri